Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran sudy amerikan-pars alymynyň türme möhletini azaldýar


Eýranyň bir şikaýat sudunyň Eýran asylly amerikan alymynyň türme möhletini azaldandygy aýdylýar. Ol geçen ýylyň dawaly prezident saýlawlaryndan soň tussag edilipdi.

Eýranyň ýarym resmi Fars habarlar gullugy aklawçysy Huşeň Ajerä salgylanyp, Kiýan Tajbakşyň türme möhletiniň 5 ýyla çenli azaldylandygyny aýdýar.

Häkimiýetler Täjbakşy içalyçylykda aýypladylar we metbugat onuň 12 ýyldan gowrak türmä höküm edilendigini ýazdy.

Täjbakş geçen ýylyň iýunynda bolan dawaly prezident saýlawyndan soň türmä basylan müňlerçe adamyň biridir.
XS
SM
MD
LG