Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň Pariždäki ilçihanasy ýaşyla boýaldy


Eýranyň Pariždäki ilçihanasy öten agşam ýaşyl ýazgylara boýaldy.

Diplomatiki missiýanyň daşky diwarlarynda «Meniň sesim nirede?», «Diktator ýok bolsun!» diýlip ýazylypdyr.

Polisiýa bu ýazgylaryň daňyň alagaraňkysynda ýazylandygyny we irden gyrylyp aýrylandygyny, ýöne ýaşyl tegmilleriň saklanyp galandygyny aýdýar.

Bu hüjümiň eýeleri öz eden işlerini wideoýazga düşürip, YouTube-de goýupdyrlar.
XS
SM
MD
LG