Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Dubaýda iň beýik diňe çykan ilkinji daşary ýurt lideri boldy


Birleşen Arap Emirliginiň biznes töwerekleri türkmen bazaryna gatnaşyklaryny giňeltmek bilen gyzyklanýar. Muny BAE-niň prezidenti Şeýh Halyfa bin Zaed Al Nahýan aýdýar.

Ol bu beýanaty Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedowyň Abu Dabä sapary mahalynda aýtdy.

«Berdimuhamedowyň saparynyň öňüsürasyndaky Türkmen halkara inwestisiýa forumynyň üstünlikli geçmegi bu gyzyklanmanyň subutnamasy boldy» diýip, Al Nahýan sözüniň üstüne goşdy.

G.Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirligine 9-njy fewralda başlan saparyny şu gün tamamlady. Ol 2010-njy we 2011-nji ýyllarda Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirliginiň medeni hepdelerini geçirmegi teklip etdi. Şeýle-de ol Al Nahýany Türkmenistana sapara çagyrdy.

Prezident Berdimuhamedow Dubaýda dünýäniň iň beýik diňiniň, 126 gatly binanyň ýokarsyna çykan ilkinji daşary ýurt lideri boldy.
XS
SM
MD
LG