Sepleriň elýeterliligi

Ol haçan görseň - tezek tigirläp ýör. Tezegini tigirläp ýörşüne çölleri sökýär, gollary sökýär. Ýollardan geçýär, ýollara ýetýär. Şo-ol, tezegini tigirläp gidip otyr. Gije-de tigirläp ýör, gündizem tigirläp ýör. Ol ýeke salym-da tezekden ellerini aýranok. Nätjek-dä! Tebigat oňa şeýle ykbaly beripdir - tomzak bütin ömrüne tezek tigirläp ýaşamaly.

Onuň töwerekdäki owadan-owadan güller bilenem işi ýok. Gara günleri bilen ylgap ýören adamlar bilenem işi ýok. Dünýäniň saz-söhbeti bilenem işi ýok. Dünýäniň naz-nygmaty bilenem işi ýok. Ol ruhy lezzetleri duýanok. Asla, lezzet diýen zadyň nämedigini bilenok. Arylar kimin güle gonmak, gülden bal ýasamak onuň ykbalyna ýazylmandyr. Owadan baglara girende şatlanyp, guşlar saýraýar, bilbiller owaz edýär, adamlar bolsa baglaryň owadanlygyndan ruhy lezzet alýar.

Tomzak welin baglaryň içinde-de tezek tigirläp ýör. Bu jandar Türkmenistanda örän kän. Çöllük ýerlerde-de bar, gumak ýerlerde-de bar. Tomzaklar sygyr tezeginden kiçijik top ýasanyp, ony tigirläp, ömürlerini ötürýärler. Tezegiň içinde onuň nesilleri bar. Ol nesillerini tä özi ýaly tezek tigirlemäge ýaraýança özüniň tigirläp ýören tezeginiň içinde ýaşadýar. Tomzagyň nesilleri tezekde kemala gelip, tezekde ulalýarlar. Soň olaram öz ata-babalary ýaly, tezek tigirläp ýaşamaga başlaýarlar. Ýer togalagy döräli bäri şeýle. Tebigat her jandara bir hili ykbal beripdir.

Tebigat adamzat nesline ýokara derejede pikirleniş ukybyny beripdir. Ol özüniň ýylsaýyn ösýän pikiri bilen ösüş gazandy! Ýyly öýlere girdi. Tehniki ösüşlere ýetdi! Eserler ýazyp, kitap çap edip, teatr–kino döredip, ruhy lezzetiň guramaz çeşmesini edindi. Ýer togalagy döräli bäri adamzat uly ösüşe ýetdi.

Tomzagyň bolsa şol bir ýaşaýşy - tezek tigirläp ýör. Onuň nesilleri daşarky ýaşaýşy görenok. Töwerekdäki janly-jandarlara-da tomzagyň tigirläp ýören tezeginiň içindäki nesilleriniň ýaşaýşy näbelli. Olaryň ruhy lezzetem şol tezek, maddy nygmatam. Ýapyk dünýäde olar.

Ýapyk jemgyýetdäki ýaşaýyş hem tomzagyň tigirläp ýören tezeginiň içindäki tomzak nesilleriniň ýaşaýşyna örän çalymdaş. Tezekden çykansoňam olara ýene tomzak durmuşy garaşýar.

Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG