Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington: Goranyş sistemasy Orsýete gönükdirilenok


Ak Tamyň sözçüsi Robert Gibbs.
Ak Tamyň sözçüsi Robert Gibbs.

Birleşen Ştatlaryň Ýewropa üçin göz öňünde tutulan raketadan goranyş sistemasyna Orsýetiň garşydygy sebäpli Strategik ýaraglary çäklendirmek şertnamasy (SÝÇ) barada barýan gepleşikler togtady diýilýänini Ak Tam inkär edýär.

Bu gepleşikler togtady diýip, Orsýetiň harby ştab başlygy aýdypdy. Ak Tamyň sözçüsi Robert Gibbs bu çaklamanyň ýalňyşdygyny bildirdi.

Gibbs “SÝÇ bilen baglanyşykly päsgelçilik barada aýdylýan bu pikir hakykata laýyk däl. Bu ors prezidenti Medwedewiň prezident Obama aýdan sözi däl” diýdi.

Ak Tamyň sözçüsi: “Ýewropa üçin göz öňünde tutulan raketadan goranyş baradaky plan ençeme aý bäri bilinýän zat. Oňa Moskwa tarapdan şu wagta çenli görkezilen ýörite garşylyk ýok” diýdi.

“Prezident Obama ýaňy birnäçe hepdelikde prezident Medwedew bilen gürleşende, Prezident Medwedew muny päsgelçilik hökmünde agzamandy. Biziň Ýewropa we ony raketadan goramagy gowulaşdyrmak boýunça planyň arhitekturasyny üýtgedendigimiz öten sentýabrda bildirildi. Bu barada ençeme aýlap düýpli gepleşikler geçirildi” diýip, Gibbs belledi.

1991-nji ýylda baglaşylan SÝÇ şertnamasynyň möhleti geçen ýylyň 5-nji dekabrynda gutardy. Obamanyň adminstrasiýasy aradan salym geçirmän, iki ýurduň strategik ýadro ýaraglarynyň sanyny çäklendirmek baradaky täze şertnama gol çekilmegini umyt edýär.

Birleşen Ştatlar SÝÇ baradaky gepleşikleri Ýewropa üçin göz öňünde tutulan raketadan goranyş sistemasyndan aýry tutmaga synanyşýar. Sebäbi bu sistemadan goranyş üçin, onda strategik ýadro ýaragy ýok.

Orsýet oňaýsyz garaýar

Orsýetiň ýaragly güýçleriniň ştab başlygy general Nikolaý Makarow sişenbe güni bu iki meseläni özara baglanyşdyryp: “Moskwa Birleşen Ştatlaryň Ýewropa baradaky planlaryna gaty oňaýsyz garaýar” diýdi.

Ol Ýewropa sistemasynyň ýeke Eýran we Demirgazyk Koreýa ýaly ýaramaz ýurtlar tarapdan bolmagy mümkin hüjümlere garşy gönükdirilýändigine hem özüniň ynanmaýandygyny bildirdi.

“Orsýetiň ýadro doktrinasy Birleşen Ştatlaryň raketadan goranyş sistemasynyň döredilmegi we ornaşdyrylmagy Orsýet Federasiýasyna garşy gönükdilýär diýen netijä gelýar. Muňa goşulýan hökümetleriň bu biziň howpsuzlygymyz üçin gerek diýýäni esassyz. Ýagdaý asla beýle däl” diýip, Makarow aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departmentiniň sözçüsi Krowleý hem Waşingtonyň aýdýanyny gaýtalap: “Raketadan goranyş sistemasy Eýran tarapdan bolar diýip howatyr edilýän hüjüme görkezilýän reaksiýa. Ol hiç bir ýagdaýda Orsýete gönükdirilenok” diýdi.
XS
SM
MD
LG