Sepleriň elýeterliligi

Şahyr Gurbannazar Ezizow 1975-nji ýylda, 35 ýaşynda öldürilipdi. Ýöne ajal güllesi ony dogan-garyndaşlarydyr dost-ýarlarynyň, okyjylarynyň arasyndan alsa-da, ine indi 35 ýyl, il-günüň hakydasyndan aýryp bilmeýär. Tersine, ozal onuň ýürek sözlerini diňe öz döwürdeşleri okan bolsa, indi şol wagtky çagalaryň, soňky ýetişen nesilleriň arasynda hem Gurbannazar Ezizowyň okyjylary köpelýär.

Elbetde, bu şahyryň hudaý beren talantynyň we doga akylynyň, öz iline, öz ýurduna bolan uly söýgüsiniň gudraty. Ol öz ilini “ýigit kimin söýendigini, söýýän diýip gygyrmandygyny” aýdypdy. Şeýle-de ol “il başyna düşen işden hiç zat bilen goranmak” islemändi. Şahyr “hakyň gözüne bakmaga” çagyrypdy. Sebäbi ol şonda “şer işiň ýerden göçjegine” ynanýardy.

Men käte Gurbannazar Ezizowyň ýaş başyndan uly kämillige gelip bilşi hakynda pikire çümýärin. Bu her kime ýetdirýän zat däl. Käte kämil hasaplanýan şahyrlary hem gaýtdan okaňda telperlik, ýasamalyk, emel görýärsiň-de, birhili, olaryň eserlerinden, öň gowy görüp okan zatlaryňdan sowaşýarsyň. Emma bu Gurbannazaryň goşgulary babatda beýle bolmaýar. Bu, meger, onuň galam bilen ak kagyzyň öňünde, diýmek okyjynyň, il-günüň öňünde diňe çynyny, owadanlanmadyk, ýylmalmadyk hakykaty aýtmaga synananlygy bilen düşündirilip bilner.

“Bar zat boldy: söýgi, dostluk, ýalan söz,
Büdremeler, ýasly gündir bagtly gün...”


Siňe seretseň, şahyr durmuşa bolşy ýaly baha berip bilmek derejesindäki kämillige gelmek üçin “gijeki peýdasys oturlyşyklardan”, “manysyz jedellerden”, “edilýän gybatlardan” we “opurlyşyklardan”, “diňe boşluga eltjek” erksizlikden... hakykatdan hem geçipdir we öz paýhas pellesine ýetmegi başarypdyr. Onuň ýazmagyna görä, “dirileriň öleni we öljegi, ýöne olaryň müň ýyllar ötüp, başga biri bolup dünýä injegi örän aýdyň hakykat”. Meniň pikirimçe, hut şu sadadan ýönekeý ynanaç hem onuň öz-özüne şeýle sorag bermegine esas bolan bolmaly:

“Beýle bolsa, kimkä meniň geçmişim,
Şahyrmykan,
Aşykmykan?
Ýa daýhan?
Ýa ol namartmykan çyn sözden gorkýan
Hem gorkusy üçin çyn söze duşman?”

Ýöne şahyryň ýaşan döwri “çyn sözüň sarpasyny saklamak” aňsat däldi (Dogry, ol Nikata Hruşewiň Stalini paş etmegi bilen dörän syýasy maýylganlygyň neslidi, muny unutmak bolmaz!). Eýsem, çyn sözüň sarpasyny saklamak haçan aňsat bolupdy? Ol, goşgularyndan görnüşine görä, “çyn söz üçin özüni gurban etjekdi”. Şahyr “ölse, dogry sözüň duşmanyny inkär eden menini ýeriň öpjegine we müň ýyl ötüp, ýene şol şahyr... bolup dowam etjegine” ynanýardy. Bu, megerem, ataizmiň, ýagny hudaýsyzlygyň wagyz edilýän döwründe öz hudaýyňy, öz gulluk etjek hakykatyňy gözlemek, belki-de tapmak ýaly bir zatdy.

Onda özüňi, öz ýoluňy, ynanjyňy gözlemek bilen bagly setirler kän duşýar. Ýalňyşmaýan bolsam, Gurbannazar şahyryň okyjynyň ýüregine hem beýnisine ýetmegiň uzak ýoluny gysgaltmakdaky başarnygy hem şu gözlegde. Sebäbi ol okyjyny şol gözleg bilen yzyna düşürýär we onuň baryp ýeten ýeri, pikiriň çuňlugy ýa owadanlygy seni hiç wagt lapykeç etmeýär:

“...Meňzäsim gelenok öňküligime,
Bu topraga bolsa, meňzäp bilemok.”


Platon “şahyrlar öz düşünmeýän beýik hem parasatly zatlaryny aýdýarlar” diýipdir. Belki, akyldar mamladyr. Gurbannazar Ezizow “diňe berilmeýän zatlaryň gorunyň gutarýandygyny” aýdanda 35-em ýaşamandy:

“Diňe söýmeýänleň, köýmeýänleriň
Özgäni beýgeltjek ajaýyp syry,
Bir gyzyl manat deý gizleýänleriň
Gutarýar ekeni ýürekde gory.”

Şahyr “Men özümi aýamadym hiç ýerde, Özümi bagş etdim özgeler üçin” diýip ýazan wagty, ýa “Haýyr işler üçin taýýarlyk boldum” diýende, meger, hiç bir okyjy oňa gereginçe çynlakaý garan däldir. Sebäbi ol 1975-nji ýylda, hökmürowan SSSR-iň dargamagynyň ilkinji alamatlaryny görkezen 1985-nji ýyldan hem on ýyl öň öldürilipdi. Ol SSSR-iň ahyry bir gün synjagyny bilendir ýa şuňa ynanandyr diýip aýtmak kyn. Onuň rewolýusiýa hakyndaky setirleri, Ikinji jahan urşy bilen bagly goşgulary ýa otuzunjy ýyllaryň goşşgulary baradaky pozisiýasy şahsyýetiň şaýan, terbie alan döwründen üzňe bolup bilmeýändiginiň alamaty bolsa gerek. Ýöne ol Staliniň ölüminden soň dörän syýasy maýylganlygyň türkmen edebiýatyna beren iň çuň şahyrydy. Ol sowet ideologiýasynda “tebigatyň boýun egdirilýän” wagty, gussa çekýäň diýip tankyt ediljegini bilse-de, adam bilen tebigatyň arasyndak sazlaşygyň ýaşamagynay arzuwlapdy.

Gurbannazar Ezizow hakyndaky gysgaça belliklerimi soňlasam, ol erk hakynda ýazan goşgusynda boş dünýä çagyrýan lälik erki erk tapyp daňmaga hem taýak bilen saýmaga çagyrypdy. Elbetde, bu kinaýa bilen aýdylan söz, ýöne, il içinde aýdylyşy ýaly, her bir kinýada çynyň ülşi bar. Bu beýik Magtymgulynyň “Magtymguly, owal özüň düzetgil” diýen setirini hem ýatladýar. Gurbannazar şahyryň beýikligi, megerem, tä soňky demine çenli özüni törpüläp gezenliginde, öz-özüni aldajak, özgeleri aldajak bolmanlygynda bolsa gerek.

Redaksiýadan:

Türkmen halkynyň söýgüli şahyry Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna düzülen aýdymlar we şahyryň öz okan goşgulary esasynda taýýarlanan “Sazly-söhbet” programmasyny diňlemek üçin sag tarapda ýerleşdirilen audio düwmesini basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG