Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek suratçysynyň “günäsi” geçildi


Ortada: Özbegistanyň görnükli fotosuratçysy hem kinorežissýory Umyda Ahmedowa.
Ortada: Özbegistanyň görnükli fotosuratçysy hem kinorežissýory Umyda Ahmedowa.

Özbegistanyň bir sudy şu gün sylagly özbek suratçysy Umyda Ahmedowany gündelik agyr durmuş bilen mübtela bolup ýören ýönekeý adamlaryň suratyny alyp, Özbegistana töhmet atmakda günäli tapdy we yzýanyndan onuň günäsini geçdi.

54 ýaşly Umyda Ahmedowa daşkentdäki şwed ilçihanasy tarapyndan maliýeleşdirilen dokumental filmde özbek halkyny yzagalak, garyp görnüşde suratlandyrmakda günälendi. Oňa bildirilen günä üçin azyndan iki ýyl iş kesip ýa-da alty aý ýapyk türmede oturtmak jezasyny berip bolýar.

Özbegistanyň görnükli fotosuratçysy hem kinorežissýory Umyda Ahmedowanyň garşysyna jenaýat işi gozgalyp, oňa häkimiýetlere dil, ýurduň abraýyna bolsa şek ýetirenlikde aýyplama bildirilýärdi.

54 ýaşly Ahmedowa oba ilatynyň agyr durmuşyny suratlandyrýan «Erkek we aýal: daň atandan Gün batýança» diýen fotoalbomynda, şeýle-de «Gyzlygyň azaby» atly dokumental filminde ýurduň ilatyna gara sürtenlikde aýyplanyldy. Şol filmde Özbegistanda toý hem onuň däp-dessurlary hakynda gürrüň berilýärdi.

Ahmedowa ýöňkelen aýyplama subut edilen ýagdaýynda oňa iki ýyl çemesi zähmet koloniýasy ýa-da alty aýlyk türme tussaglygy garaşýardy. Ol özüne bildirilýän aýyplamanyň esassyzdygyny aýdyp, işiniň özbekleriň däp-dessurlaryny görkezmekdigini aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen söhbetdeşlikde Ahmedowa hiç kime dil ýetirmänligini aýtdy: «Men asla öz fotolarym bilen ýurduma, halkyma töhmet atmadym, häzir meniň üçin hemmetaraplaýyn örän kyn ýagdaý emele geldi».

Tussag edilen Ahmedowa geçen dekabryň 16-synda aýyplama bildirildi. Geçen aý ýolbasçylar onuň fotosuratlary we kinosy barada barlag geçirdiler. Bu baradaky komitet barlaglarynyň netijesi bilen Ahmedowanyn aklawçysyny tanyşdyrdy.

Şol komitet Ahmedowanyň döredijiligine özbekleriň medeniýetine dil ýetirmek we özbekleri Orta asyrlarda ýasaýan wagşylar hökmünde häsiýetlendirmek diýip, baha berdi.

Agzalan komitet aýratynam suratlaryň 90 % töwereginiň o diýen ösmedik ýa ösüp barýan obalarda düsürilenligini aýdyp, “Ahmedowa näme üçin owadan we döwrebap binalaryň we ösen obalaryň suratyny almandyr?” diýen soragy goýýar.

Iki sany däbe üns beripdir

Suratlaryň awtory iki sany däbe üns beripdir: toý we sünnet däbi. Olaryň ikisinde-de adamlar aglaýar, ýaş gelinler ene-atalary bilen hoşlaşýanlary üçin, ýaşajyk çagalar bolsa sünnet edilýän mahaly agyra çydaman aglaýarlar, Umida Ahmedowa bu suratlar arkaly özbek halkynyň wagşydygyny görkezmek isläpdir.

“Umida Ahmedowa özbekleri yzagalak halk edip görkezdi” diýip, şol suratlar bilen tanyşlykdan soň aýdylypdyr.

Onuň aglaba suratlarynda aýallaryň işleýän pursaty görkezilýär, esasan öý işleri bilen meşgullanýan halatlary. Ahmedowanyň işlerini Şweýsariýanyň Daşkentdäki ilşihanasy maliýeleşdiripdir.

«Gyzlygyň azaby» diýen dokumental film Umida hem onuň ýanýoldaşy režissýor Oleg Karpow tarapyndan 2009-njy ýylyň martynda, Halkara aýallar gününiň öň ýanynda geçirilen dabara hödürlenipdi.

Iki bölekden ybarat «Gyzlygyň azaby» filminde, özbek däbine görä, gyzlaryň öz durmuş toýlaryna gyzlyk namysyny ýitirmän gelmegine uly ähmiýet berilýändigine üns çekilýär. Şol filmde durmuşa çykmazdan öň gyzlygyny ýitiren gyzlaryň yzyna, atasy öýüne iberilýändigi gürrüň berilýär. Şeýle gelinlere soňra özlerine ýanýoldaş tapmak örän kyn.

Ahmedowanyň düşüren suratlary Tbiliside we Kopengagende sergide tomaşaçylara görkezildi. 2004-nji ýyldan bäri döreden işleri üçin Ahmedowa birnäçe baýraklara, şol sanda 2004-nji ýylda Orsýetiň Grand Priks baýragyna mynasyp bolupdy.
XS
SM
MD
LG