Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MTS müşderilerini ýitirmejek bolýar


Internet tarifindäki müşderilerini ýitirmezlik maksady bilen Türkmenistandaky MTS mobil aragatnaşyk ulgamy 9-njy fewralda öz müşderilerine sowgat etdi.

MTS-iň öz müşderilerine 50 prosent möçberinde internet paketini sowgat etmegi 1-nji fewralda «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynda internet tarifiniň açylmagy sebäp boldy.

9-njy fewralda MTS öz müşderileriniň ulanýan öňki 20MB internet paketiniň üstüne 10 MB, 50MB internet paketiniň üstüne 25 MB, 100MB internet paketiniň üstüne 50 MB, 1GB internet paketiniň üstüne 500 MB goşdy. Şu paketdäki bolan nyrhlar bolsa öňküligine galdyryldy.

Ýöne muňa garamazdan, «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň müşderilerine edýän teklipleri MTS-iňkä garanyňda elýeterli bolmagynda galýar. Sebäbi «Altyn asyryň» 1GB paketiniň bahasy 70 manat, MTS-iňki bolsa, 100 manat.

100 manatlyk 1GB internet paketiniň üstüne ýene-de 500MB goşandygyna garamazdan, MTS-iň internet paketi bir aýlyk möhletlidir, ýagny bir aýdan soň möhleti tamamlanansoň, paketiň içindäki galan MB-leriň ählisi köýýär.

MTS-iň internet paketlerine garanyňda, «Altyn asyryň» 1GB paketi ol aýdan ol aýa geçende köýmeýär. Munuň üstesine-de, «Altyn asyryň» internetiniň tizligi sekuntda 1MB, MTS-iňki bolsa sekuntda 460KB.

Şonuň üçin internet tarifinde ýene-de özgertmeleri girizäýmese, MTS-e müşderilerini saklamakda kynçylyklaryň döremegi ähtimal.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG