Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň saýlanylmagynyň 3 ýyllygy mynasybetli

Şu günler ýurduň ähli ýerlerinde, edara-kärhanalardan başlap mekdepdir çagalar baglarynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň baştutanlygyna saýlanmagynyň 3 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, sergiler, sport bäsleşikleri hem-de wagyz-nesihat çäreleri, ýygnanyşyklar geçirilýär.

Edara-kärhanalarda geçirilýän ýygnanyşyklarda dürli-dürli pudagyň işgärleri diňleýjileriň öňünde leksiýa bilen çykyş edýärler.

Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň ýurduň baştutanlygyna saýlanan üç ýylynyň dowamynda amala aşyran işleri barada leksiýa okaýarlar.

Şu mazmundaky çäreler ýurduň mekdeplerinde hem geçirilýär. Mugallymlar öz açyk sapaklarynda okuwçylara Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty hakynda gürrüň berýärler.

14-nji fewralda bolsa Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň ýurduň baştutanlygyna saýlanmagynyň 3 ýyllygy mynasybetli paýtagt Aşgabatda ýerleşýän Mukamlar köşgünde medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG