Sepleriň elýeterliligi

Gaitide häzire çenli 270 müň töweregi jeset jaýlandy


Düýn Gaitiniň prezident administrasiýasy bu ýurtda bir aý mundan ozal güýçli ýer yranmanyň ýüz bereli bäri ýurduň hökümetiniň 270 müň töweregi jesedi jaýlandygyny aýtdy.

Bu barada düýn Gaitiniň prezident administrasiýasy Ekwadorda Günorta Amerikanyň döwlet liderleri bilen geçirilen maslahatda eden beýanatynda mälim etdi.

Şu ýylyň 12-nji ýanwarynda Gaitide ýüz beren bu ýer yranma dünýäde iň uly adam ýitgili ýer yranmalardan biri hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG