Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda talyp söweşijilerine garşy uly harby operasiýa girişiler


Düýn amerikan prezidentiniň milli howpsuzlyk meselesi boýunça maslahatçysy Jeýms Jons Owganystanyň günortasynda planlaşdyrylýan uly harby operasiýanyň bu ýurduň parahatçylyk baradaky planlaryna garşy gelmeýändigini öňe sürdi.

Hususan-da, Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren bu interwýusynda Jeýms Jons häzirki göz öňünde tutulýan operasiýalaryň Owganystanyň hökümetiniň talyplar bilen parahatçylykly ylalaşyga gelmek baradaky planlaryna çapraz gelmeýändigini aýtdy.

Şu günler Owganystandaky amerikan güýçleri bilen birlikde daşary ýurt koalision güýçleri hem ýurduň günortasyndaky Helmand welaýatynda talyp söweşijilerine garşy uly harby operasiýa girişmeklik üçin taýýarlyk görýärler.
XS
SM
MD
LG