Sepleriň elýeterliligi

“Blackwater” kompaniýasynyň 250 işgäri Yrakdan çykarylýar


Düýn Yragyň hökümeti düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Blackwater” howpsuzlyk kompaniýasynyň ozalky we häzirki işgärlerinden 250 töweregine bir hepdäniň içinde Yragy terk etmeklige görkezme berdi.

Yragyň içeri işler ministri Jawad al-Bolani bu görkezmäniň 2007-nji ýylyň sentýabrynda şu «Blackwater» kompaniýasynda işlän adamlara degişlidigini aýtdy.

2007-nji ýylyň sentýabrynda «Blackwater» kompaniýasynyň howpsuzlyk işgärleri Bagdatda 17 sany ýerli raýaty atyp öldüripdiler.

Birnäçe gün mundan ozal Birleşen Ştatlaryň sudýasy şol wakada günäkärlenilýän bäş adama hiç hili jenaýat aýyplamasynyň bildirilmejekdigini yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG