Sepleriň elýeterliligi

Eýranda Yslam rewolýusiýasynyň 31 ýyllyk ýyl dönümi


Şu gün Eýran Yslam rewolýusiýasynyň 31 ýyllyk ýyl dönümine gabatlap, oppozisiýa toparlarynyň hökümete garşy protest demonstrasiýalaryna çykmaklaryna garaşylýar.

Eýranyň häkimiýetleri islendik bir protest çykyşyna garşy berk çäreleriň görüljekdigini aýdyp, öňünden duýduryş berdiler.

Geçen ýylyň iýun aýynda Mahmud Ahmedinejatyň gaýtadan prezident saýlanmagyna getiren prezidentlik saýlawlary Eýranda oppozision protest çykyşlaryna sebäp bolupdy.

Oppozisiýanyň tarapdarlary bu saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny öňe sürýärler. Şol saýlawlardan bäri Eýranda hökümete garşy protest çykyşlary has-da ýygjamlaşdy.
XS
SM
MD
LG