Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň 31 ýyllygy bellenilýär


1979-njy ýylyň rewolýusiýasynyň haý-haýly günleri Eýranyň ilaty döwlet gurluşy hökmünde Yslam respublikasy gurluşynyň bolmagyny oňlapdy. Adamlar şeýle döwlet gurluşynyň rewolýusiýanyň ideýalaryny durmuşa geçirmäge hyzmat etjegine ynanypdylar.

Şonda rewolýusiýanyň lideri we Yslam respublikasynyň düýbüni tutujy aýatolla Ruhollah Homeýni Eýranda repressiýalara we süteme ýer bolmajak azat jemgyýetiň guruljakdygyny söz beripdi: «Yslam döwlet gurluşynda hiç hili diktatura bolup bilmez. Munuň özi geçmişde Aly Ibn Abi Talebiň döwleti dolandyryşy ýaly bir dolandyryşdyr. Ol diňe adalatlylyga esaslanýandyr».

Ýöne Yslam rewolýusiýasynyň 31 ýyllygy ýetip gelen häzirki günlerde Eýranyň köp raýatlary, şol sanda ozalky rewolýusionerleriň hem köpüsi bu amala aşyrylan rewolýusiýanyň ideýalarynyň başa barmandygyny aýdýarlar.

Eýranyň oppozision ”Ýaşyllar hereketi” bu baýramçylyga gabatlap, hökümete garşy protest çykyşlaryny dowam etdirjekdigini mälim etdi. Bu bolsa raýatlara garşy döwlet režiminiň ýene-de nobatdaky gezek güýç ulanmagyna garaşybermelidigini aňladýar. Bu hem öz gezeginde Yslam respublikasynyň hakykat ýüzünde diktatura öwrülendigi barada öňe sürülýän ideýalara has hem meçew berýär.

Geçen hepdede oppozision ”Ýaşyllar hereketiniň” lideri Mir Husseýin Musawi öz eden çykyşynda 1979-njy ýylyň rewolýusiýasynyň maksatlaryndan köpüsiniň, şol sanda sütemden we diktaturadan dynmak maksatlarynyň hem amala aşmandygyny aýtdy. Yslam rewolýusiýasyna gatnaşan oppozisiýa lideriniň bu garaýşy bilen ylalaşýan adamlar ýurtda sanardan köp.

“Deňeşdirer ýaly däl”

31 ýyl mundan ozal Eýranyň monarhiýa gurluşyna garşy protest bildirip çykyş eden we häzirki wagt daşary ýurtda bosgunlykda ýaşaýan eýranly žurnalist Nuuşabe Amiri ýurtdaky häzirki syýasy repressiýalaryň şa režimindäki repressiýalardan hem has ýaramazdygyny nygtady: «Eger-de şu günki ýagdaýlara syn etseňiz we deňeşdirseňiz, siz Eýran rewolýusiýasynda adamlaryň reforma ugrundaky hereketlerine görkezilen basyşlaryň şeýle bir erbet bolmandygyna göz ýetirersiňiz. Şol wagtlar biz şanyň goşunlary eýtdi-beýtdi diýip, nägilelik bildirerdik. Ýöne şu günki tussag etmelere, gynamalara, gazaply repressiýalara seredýän welin, gynansak-da, men bu ýagdaýyň şol döwürdäki ýagdaýlar bilen hem deňeşdirer ýaly däldigini aýtmaly bolýaryn».

Stanford uniwersitetiniň Eýrany öwreniş programmasynyň direktory Abbas Milani hem bu garaýyş bilen ylalaşyp, soňky ýedi aýyň dowamynda Eýranyň häzirki Yslam režiminiň öz dolandyryşyny elde saklamak üçin henize çenli görlüp-eşidilmedik derejede harby güýje daýanyp başlandygyny aýtdy.

Abbas Milani Eýranyň häzirki režimini ýarym harby Yslam režimi hökmünde häsiýetlendirýär.

1979-njy ýylyň rewolýusiýasynyň 31 ýyllygynyň bellenilýän bu günlerinde Eýranyň häzirki syýasy režiminiň gelejeginiň nähili boljakdygy uly sorag astynda galýar. Bir tarapdan, ýurduň oppozision ”Ýaşyllar hereketi” öz talaplaryndan hiç hili yza çekilerli görünmeýär. Beýleki tarapdan bolsa, harby hem-de howpsuzlyk güýçlerine daýanýan Eýranyň syýasy režimi hem oppozisiýa bilen umumy dil tapjak bolup durmaýar.

Eýranyň oppozisiýa liderlerinden biri Mehdi Karrubi ýakynda BBC habar agentligine beren interwýusynda öz oppozision hereketiniň maksadynyň ozal-başky ýolundan sowlan Yslam respublikasyny şol öňki ýoluna gaýtaryp getirmekden ybaratdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG