Sepleriň elýeterliligi

Täze prezidente üç ýyl: Türkmenistanyň ugry hanjak?


Şu gün Türkmenistanyň perzidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu wezipä saýlananyna üç ýyl doldy. Berdimuhamedow öz prezidentliginiň başlangyjynda «Döwlet adam üçindir» diýen şygary öňe sürýändigini we şol şygaryň öz ideologiýasynyň esasynda ýatjakdygyny aýdypdy.

Şeýle-de ol ýurtda bilime, internet elýeterliligine, saglyga, ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, daýhanlaryň meselelerini çözmäge üns berjekdigini aýdypdy.

Nyýazow döwründe ýatyrylan ýa azaldylan pensiýalaryň dikeldilmegi, mekdepleriň we ýokary okuw jaýlarynyň okuw möhletleriniň Nyýazowdan öňki halyna getirilmegi, ýurt içinde hereket çäklendirmeleriniň azalmagy, mugallymlaryň iş sagatlarynyň azaldylyp, aýlyklarynyň köpeldilmegi, galyberse-de, türkmen hojalyklaryna internet çekilip başlanmagy, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagy ýaly zatlar Berdimuhamedowyň hakyky halk bähbidini araýan, ýapyk ýurdy dünýä açýan reformaçy prezident boljagyna umyt döretdi.

Syýasy reformalar

Şonuň bilen bir wagtda Türkmenistanda garaşylýan, umyt edilýän syýasy reformalar, syýasy erkinlik we graždan azatlygy, metbugat azatlygy meselelerinde görnetin öňegidişlik bolmady.

2009-njy ýylyň ikinji ýarymynda daşary ýurtda okaýan türkmen studentleriniň bir bölegine syýahat gadaganlygy girizilip (soň bu mesele bölekleýin çözüldi), Birleşen Ştatlardan gelmeli 47 meýletinçiden ybarat Parahatçylyk korpusynyň wekilleriniň öňi baglanandan soň, daşary ýurt metbugaty Türkmenistanda bir şahsyýet kultundan ikinji şahsyýet kultuna geçilmek ähtimallygyna ünsi çekdi.

Galyberse, ýerli synçynyň şu ýyl “Azathabar.com” saýtynda ýazmagyna görä, prezident Berdimuhamedowyň häkimiýete gelen döwründe öňe süren «Döwlet adam üçindir» diýen şygary hem «Adam döwlet üçindir» diýen şygar bilen çalşyrylyp başlandy.

Eýsem şu üç ýylda G.Berdimuhamedowyň ýurt baştutany we syýasatçy hökmünde nähili güýçli we asgyn taraplary göze ildi?

Türkiýäniň Gazy uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary bölüminiň professory Mehmet Seýfetdin Eroluň pikirine görä, prezident Berdimuhamedowyň öňünde Nyýazow döwründe ýapyk ýurt hökmünde tanalan Türkmenistany dünýä täzeden açmak wezipesi durdy we onuň bu ugurdaky tagallalary häzir öz netijelerini berip ýör.

Professor Eroluň pikiriçe, Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň bähbitlerini goramak meselesinde Orsýet bilen bolan gepleşiklerdäki tutanýerliligi we şol bir wagtda Hytaý, Eýran we Günbatar ýurtlary bilen gatnaşyklary gowulandyrmak baradaky tagallalary onuň güýçli tarapy hökmünde bellenilmäge mynasyp.

Professor Erol Berdimuhamedowyň alyp baran daşary syýasaty netijesinde «Türkmenistan bu gün sebitde goňşularynyň hiç biri bilen problemasy bolmadyk, belki-de ýeke-täk ýurt bolup durýar» diýýär we onuň geljekde Owganystan meselesinde has köp tagalla etmelidigini belleýär.

Prezidentiň güýçli we gowşak taraplary

Azatlyk we Azat Ýewropa Radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça analitigi Brýus Panniýer hem Berdimuhamedowyň Nyýazow döwründäki ýapyk ýurdy dünýä açmakda eden işleri baradaky pikir bilen ylalaşýar: «Men Berdimuhamedowyň güýçli tarapy hökmünde onuň Türkmensitany halkara izolýasiýasyndan belli derejede çykaryp başlamagyny görkezerdim. Nyýazow döwründe Türkmenistan Orsýet, Eýran ýaly ýurtlar bilen gatnaşygyny nazara almasaň, daşarky dünýä bilen kän gatnaşmazdy. Emma Türkmenistan indi dünýäde gowy tanalýar we dünýäniň bir topar ýurtlary bilen gatnaşyp, ykdysadyýet, maliýe hem söwda meselelerinde öz pozisiýasyny berkidýär».

Eýse, şu üç ýylda prezident Berdimuhamedowyň nähili gowşak ýa asgyn taraplary göründi? “The Economist” žurnalynyň geçen ýylyň aýagyndaky bir sanynda ýazmagyna görä, «Berdimuhamedow tebigaty boýunça lider däl we oňa bir zatlar edýän bolup görünmek gerek hem ol öz hötdesinden geljek ownuk işlerini basym edip gutardy hem çynlakaý reformalaryň onuň häkimiýetine wehim salmagy mümkin.»

Brýus Panniýeriň pikirine görä, Berdimuhamedow prezidentliginiň ilkinji ýylynda Türkmenistany täzeden gurmak we has gowy ýurda öwürmek baradaky pikirlerinde has tutanýerli we garaşsyz görünýärdi. Ýöne soň ol ýa daşary syýasata köp üns berip, içeri syýasaty gözden salanlygyndan, ýa-da ýurt içindäki käbir maslahatçylary sebäpli Nyýazowa has kän meňzäp başlady.

«Men ol özüniň köp adamdan gowudygy, Hudaý bilen adam aralygynda bir ýerlerde durandygy» baradaky pikire ynanyp başlady diýip, pikir edýärin. Bu Nyýazow režiminiň hem erbet taraplarynyň biridi. Nyýazowda hem ýurtda özüniň hemmelerden gowudygy, özünden ýokarda diňe Hudaýyň durandygy baradaky pikir bardy, Berdimuhamedow hem haýaljakdan şu ugra süýşüp barýan ýaly» diýip, Azatlyk we Azat Ýewropa Radiosynyň analitigi B.Panniýer aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG