Sepleriň elýeterliligi

Eýrandaky demonstrasiýalarda dürli çaknyşyklar bolup geçdi


Şu gün Eýranda Yslam rewolýusiýasynyň 31 ýyllygy bilen bagly geçirilen demonstrasiýalarda dürli çaknyşyklar bolup geçdi.

Häzirki döwür Eýranyň içerki syýasatynda ýüze çykan syýasy krizis, Yslam rewolýusiýasyndan bärki iň agyr krizis diýlip hasaplanýar.

Bu sene mynasybetli halkyň öňünde çykyş eden prezident Ahmedinejat öz ýurdunyň urany has ýokary derejä çenli baýlaşdyryp başlandygyny mälim etdi.

Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň ýyl dönümi bilen bagly demonstrasiýalardaky dürli çaknyşyklarda, oppozisiýanyň lideri Mehdi Karrubä hem-de Eýranyň öňki prezidenti Muhammed Hatama hüjüm edilendigi hem habar berilýär.

Karrubiniň ogly Azatlyk Radiosynyň Pars gullugyna beren interwýusynda, öz kakasyna degilmändigini aýdyp, Mehdi Karrubiniň ýanynda bolan adamlaryň urlup-ýenjilendigini gürrüň berdi.
XS
SM
MD
LG