Sepleriň elýeterliligi

Päkistandaky ýagdaýlar ABŞ-ny alada goýýar


ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden CNN telekanalynda eden çykyşynda, öz ýurdunyň daşary syýasatynyň esasy aladasyna Päkistandaky ýagdaýyň sebäp bolýandygyny aýtdy.

Jenap Baýden Päkistanda ýadro ýaragynyň bardygyny belläp, bu ýurtda “doly hereket edýän demokratiýanyň” ýokdugyny nygtady.

Eýranyň ýadro programmasy barada edilen gürrüňde, ABŞ-nyň wise-prezidenti Eýranyň öz hereketi bilen Saud Arabystany, Müsür, Türkiýe ýaly goňşy ýurtlarynda hem ýadro ýaragyny edinmek meýliniň döremegine itergi berip biljekdigini belledi.
XS
SM
MD
LG