Sepleriň elýeterliligi

Kanadada gyşky olimpiýa oýunlary açylýar


Şu gün Kanadanyň Wankuwer şäherinde gyşky olimpiýa oýunlary açylýar.

Bu olimpiýa oýunlarynyň açylmazynyň öňýanyndaky günlerde peýda bolan garaşylmadyk maýyl howa we ýagyş olimpiadanyň guramaçylarynda käbir aladalary döretdi.

Düýnki ýüz beren ýagşyň lyžadan typylýan baýyrdaky garlary belli bir derejede ýuwup aýyrmagy zerarly, guramaçylar bu baýyrlykdaky türgenleşik işlerini bes etdiler.

Ýöne sinoptikler şu gün bu regionda garyň ýagmagyna garaşylýandygyny habar berýärler. Hut şoňa görä-de, erkekleriň arasynda baýyrdan lyžaly typmak boýunça bäsleşigiň ozaldan planlaşdyrylyşy ýaly, şenbe güni öz möhletinde geçirilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG