Sepleriň elýeterliligi

Ylham Alyýewiň daýysynyň şikaýaty ýerliksiz hasaplandy


Düýn Baku şäheriniň sudy prezident Ylham Alyýewiň daýysynyň iki sany žurnaliste garşy eden şikaýatyny ýerliksiz hasaplap, oňa garamaklygy goýbolsun etdi.

Azerbaýjanyň prezidentiniň daýysy, 82 ýaşly parlament deputaty Jalal Alyýew ýurduň «Ýeni musawat» gazetiniň redaktory Azer Aýhany hem-de bu gazetiň habarçysy Koşkar Alyýewi özüne şyltak atyjy makala ýazmakda aýyplap, ýakynda olary suda beripdi.

Ýöne Bakuwyň sudy indi ikilenji gezek Jalal Alyýewiň žurnalistlere garşy edýän şikaýatyna garamakdan ýüz öwürýär. Žurnalistleriň Jalal Alyýew barada ýazan maglumatlarynyň hakykata laýyk gelip-gelmeýändigi barada welin, häzirlikçe hiç hili maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG