Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti Täjigistana sapar eder


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon gürrüňdeşligi boldy.

Bu telefon gürrüňdeşliginde iki ýurduň prezidentleri soňky döwürlerde geçirilen özara duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijesinde gelnen ylalaşyklaryň durmuşa geçiriliş meseleleri barada gürrüň etdiler.

Bu gürrüňdeşligiň dowamynda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon türkmen prezidentini mart aýynyň ikinji ýarymynda Täjigistana sapar etmeklige çagyrdy.

Prezident Berdimuhamedow bu çakylygy kabul edip, geljekki saparyň anyk möhletiniň diplomatik ýollar arkaly kesgitleniljekdigini mälim etdi – diýip, «Türkmenistan Altyn asyr» internet saýty habar berýär.
XS
SM
MD
LG