Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Milisiýa işgärleri belli pianinoçyny ýençdi


Orsýetiň jenaýat-derňew işgärleri ýurduň Ýekaterinburg şäherinde ýaşaýan belli pianinoçy Sergeý Beloglazowy milisiýa işgärleriniň urandygy baradaky aýyplama boýunça derňew işini ýola goýdular.

Sergeý Beloglazow
Maglumata görä, pianinoçy-professora garşy hüjüm şu ýylyň 1-nji fewralynda amala aşyrylypdyr. Ýöne waka diňe orsýetli bir blogçynyň “LiveJournal” internet saýtynda bu barada maglumat ýerleşdirensoň, jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekdi.

Bu wakanyň Orsýetiň milisiýa bölümlerindäki korrupsiýa meselesiniň giňden jedelleşilýän, geňeşilýän döwrüne gabat gelmegi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr.

Ýekaterinburg şäheriniň Döwlet konserwatoriýasynda mugallym bolup işleýän 62 ýaşly professor Sergeý Beloglazow Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda bu bolan waka barada şeýle diýdi: «Men arkama uly goşhalta dakynyp, zat satyn almak üçin çykypdym. Köçeler adam-garasyz, dym-dyrslykdy. Hususy jaýlaryň golaýynda meniň ýolumy milisiýa işgäri kesdi. Ol menden dokumentlerimi sorady. Men oňa ýanymda dokumentimiň ýokdugyny, özümiň diňe çörek almaga çykandygymy we şol sebäpden dokument götermek zerurlygynyň hem bolmandygyny aýtdym. Ol bolsa maňa ”Onda siziň şahsyýetiňizi anyklamaly bolarys, hany, ýörüň meniň bilen” diýdi».

Sergeý Beloglazowyň aýtmagyna görä, ol özüniň içi azykly agyr goşhaltaly barýandygyny we tizräk öýüne ýetmelidigini aýdyp, milisiýa bölümine gitmekden ýüz öwrüpdir.

Sergeý Beloglazow özüni saklan milisiýa işgäriniň beýleki milisionerlere jaň edendigini we olaryň hem gelip, özüniň maşyna girmegini talap edendiklerini aýdýar: «Men olary tanamaýandygymy we olardan gorkýandygymy aýdyp, özümiň maşyna münmejekdigimi aýtdym. Onsoň ýaňky milisiýa işgäri maňa ”Siz hukuk goraýjy organlara garşylyk görkezýärsiňiz” diýip, meni ýere ýykdy-da, dessine meniň kelläme depip başlady. Soňam ol meni milisiýa maşynyna itekläp salmaga synanyşdy. Elbetde, men oňa esli wagtlap aýaklarymy diräp, garşylyk görkezdim. Olar bolsa maňa ”Biz seni häzir öldürmäge äkideris” diýip, haýbat atdylar».

“Hiç ýerde aýdaýma!”

Sergeý Beloglazowyň aýtmagyna görä, milisiýa işgärleri, ahyrky netijede, ony maşyna dykyp, milisiýa bölümine alyp gidipdirler we şol ýerde-de eline demir gandaly geýdirip, ony kamera salypdyrlar.

Ol milisiýa işgärleriniň birnäçe sagatdan soň, bu bolan waka barada kimdir biriniň ýanynda dil ýaraýsa, özünden ar aljakdyklaryny aýdyp, özüni boşadyp goýberendiklerini aýdýar. Ýöne Beloglazowyň aýtmagyna görä, milisionerler onuň ýanyndaky 66 dollar möçberdäki puluny hem-de mobil telefonyny alyp galypdyrlar.

Sergeý Beloglazow bu wakadan soň özüniň beýni sarsgynyndan hem-de eline salnan çynlakaý ýaralardan ejir çekendigini aýdýar. Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda ol şu günki güne çenli elindäki agyrylar sebäpli pianino hem çalyp bilmeýändigini mälim etdi.

Derňew işleri ýola goýuldy

Bu wakanyň jemgyýetçilige aýan bolmagynyň yzy bilen Ýekaterinburg şäheriniň ýerli jenaýaty agtaryş bölümi düýpli derňew işlerini ýola goýdy.

Şäheriň içeri işler bölüminiň metbugat sekretary Waleriý Gorelik derňew işleriniň netijesinde bu milisiýa işgärleriniň günäli tapylan halatynda içeri işler bölüminiň olara berk çäre görjekdigini aýtdy. Mundan daşgary ol derňewleriň netijesiniň ýurduň Baş prokuraturasynyň derňew komitetine hem ýollanjakdygyny, şol ýerde-de bu iş boýunça jenaýat işini gozgap-gozgamazlyk barada karara gelinjekdigini mälim etdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler ýerli milisiýa bölüminiň bu waka görkezen reaksiýasyna hoşallyk bildirdiler. Emma, beýleki tarapdan, olar bu waka barada “LiveJournal” internet saýtynda jikme-jik maglumatlar peýda bolmadyk bolsa, munuň asla üns berilmän galdyrylyp hem bilinjekdigini bellediler.

Bu soňky waka Orsýetde korrumpirlenen milisiýa edaralarynyň işgärleriniň garždanlaryň garşysyna amala aşyrýan eden-etdilikleri barada jemgyýetçiligiň gahar-gazabynyň barha möwç alýan döwrüne gabat geldi.
XS
SM
MD
LG