Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Ruhnama» hakda hakykat


Ruhnama
Ruhnama

Aslynda türkmenleriň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň adyndan ýazylan «Ruhnama» kitaby näme maksat bilen ýazylypdy? Ine, şu hakda hiç kim hakyky gürrüňi edenok.

Sowet soýuzynyň ähli ýokary okuw jaýlarynda filosofiýa predmeti okadylýardy. «Dialektiki materializm», «Taryhy materializm» atly kitaplardan durýan filosofiki kitaplar sowet hökümetiniň alymlary tarapyndan ýazylanlygy sebäpli, ondaky ähli mysallar Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň göreşleri, planlary, Sowet soýuzyndaky ýaşaýyş baradady. Sowet soýuzynyň dünýä halklaryna berjek bagtly ýaşaýşy, Kommunistik partiýanyň halky kommunizmde ýaşatjak günleri hakdady.

Bu agzalan iki kitapdan soň ýokary okuw jaýlarynda «Ylmy kommunizmiň esaslary» atly kitap hem geçilip, ol hem «Dialektiki materializm» hem-de «Taryhy materializm» kitaplarynyň dowamy bolup durýardy. Garaşsyzlyk döwründe şol kitaplar ýokary okuw jaýlarynda gadagan edildi. Ol kitaplar, dogrusy, döwre jogap berjegem däldi. Sebäbi SSSR ýykylansoň, onuň asla geregem ýokdy. SSSR-iň syýasatyny propagandirleýän ol kitaplary okatmak ýalňyşlygam boljakdy.

Alym filosoflar derrew alaga-da, filosofiýa kitaplaryny Türkmenistanyň alyp barýan syýasatyna görä ýazybam ýetişmediler. Ýa-ha alymlara şeýtmäge rugsat berilmedi, ýa-da Türkmenistanyň alyp gitjek syýasy ýolunyň aýdyň bolmazlygy täze filosofiýa kitaplaryny ýazmaga mümkinçilik bermedi.

Dünýä halklarynyň dogry hasaplap okaýan filosofiýa kitabyny-da terjime edip, talyplara okatmagam barýan syýasy ýoly näbelli bolan ýurtda aňsat däldi. Sebäbi ol ýerde demokratiýa, köp partiýalylyk ýaly gürrünler edilýän bolsa, ol hem türkmen okuw jaýlaryna ýarajak däldi. Şeýle bolansoň, garaz, filosofiýanyň ýerine näme okatmalydygy hakdaky pikirler bir ýere jemlenýänçä pelsepe otarmaga näme-de bolsa, güýmenje boljak kitap hökünde «Ruhnama» kitaby dünýä inderildi. Ol ýokary okuw jaýlarynda okadylmaly filosofiýa kitaplarynyň ýerini tutdy. Rowaýatlardan hem-de ýeňil gürrüňlerden durýan bu kitap orta mekdeplerde hem tebigat ylymlarynyň ýerine okadylyp başlandy.

Kim ýazdy?

Bu kitaby köpler «Türkmenistanyň Golýazmalar institutynyň işgärleri ýazdylar» diýip, gürrüň edýärler. Ýöne bu gürrüňleri dolulygyna dogry hasaplap bolmaz. Golýazmalar institutynyň işgärleri rowaýatlary goşup biler hem-de çapa taýýarlap biler. «Ruhnamadaky» köp ýazgylar ýyllaryň dowamynda türkmen metbugatynda çap edilen zatlar. Ol ýerde fizikaçylaryň makalalary-da bar, matematikleriň makalalary-da, derman ösümliklerini taýýarlaýjylaryň makalalary-da bar. Ýurtdaky bir hökümetiň ýykylyp, ikinji bir hökümetiň döreýän döwründe, bir syýasatyň ýok bolup, ikinji bir syýasatyň orta çykan döwründe, belki-de «Ruhnama» ýaly kitabyň zerur hasaplanmagy Nyýazowyňky ýaly, göni demokratik ýola düşüp bilmedik hökümet üçin dogrudyr hem.

«Ruhnamany» ilki, hamala beýleki kitaply halklaryňky ýaly (ýagny, Hudaýdan - asmandan inen kitaplar bolan Injil, Gurhan, Töwrat) mukaddes kitaplaryň ornuna goşmak islediler. Ýöne dünýäniň musulman halklaryndan dünýä metbugatynyň käbirinde käbir reaksiýalaryň bolmagynyň netijesinde oňa «dini kitap däl» diýen teswirleme berildi. Muňa garamazdan, «Ruhnamanyň» ikinji kitabynda türkmeniň ruhy dünýäsine başgaça dini däp-dessurlary ornaşdyrar ýaly, merhum jaýlamak, ýene-de käbir dini ygtykatlary berjaý etmek barada musulman dünýäsinde ýok däp-dessurlar hakda ýazylypdyr.

«Ruhnamanyň» iki kitaby hem dünýäniň köp dillerine terjime edilip çap edildi. Kosmonawtlar tarapyndan kosmosa äkidildi. Aýtmaklaryna görä, kosmosa uçurylan şol kitap ýene bäş ýüz ýyldan Ýere gaçmalymyş.

Serdar Gulgeldiýew türkmenistanly synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG