Sepleriň elýeterliligi

Yrakda parlament saýlawlary boýunça kampaniýa başlady


Şu gün Yrakda parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda geçirilýän kampaniýa resmi taýdan başlady.

Baas partiýasyna dahylly diýlip güman edilýän kandidatlaryň saýlawlara gatnaşmaga gadagan edilmegi bilen bagly mesele boýunça bu kampaniýa gaýra goýlupdy.

Bu gadagançylyk Yragyň sünni we şaýy musulmanlarynyň arasynda dartgynlygyň artmagyna sebäp boldy.

Sünniler şaýy musulmanlar tarapyndan dolandyrylýan hökümetiň özlerini kemsidýändigini aýdýarlar.

Başda parlament saýlawlaryna goýberilmedikleriň sanawy 500-e golaý adamdan ybaratdy. Soň şol sanawa täzeden garalyp, häzir 170 adam saýlawlara gatnaşmaly däl edildi.
XS
SM
MD
LG