Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ÝDÖB türkmenistanly telekeçä 1 million 200 müň dollar karz berýär


Ýewropada dikeldiş we ösüş banky “Salkyn” atly buzgaýmak öndürýän türkmenistanly hususy kärhana 1 million 200 müň dollarlyk karz puly berýändigini mälim etdi.

Mary regionynda ýerleşýän bu hususy kärhana buzgaýmagyň 70 görnüşini öndürýär.

Ýewropada dikeldiş we ösüş bankyndan karz alnan pula doňduryjy enjamlaryň satyn alynjakdygy aýdylýar. Netijede, “Salkyn” kärhanasy öz öndürýän önümini Türkmenistanyň beýleki künjeklerine hem satmak mümkinçiligine eýe bolar diýlip, maglumatda aýdylýar.

Ýewropada dikeldiş we ösüş banky Türkmenistanda hereket edip başlaly bäri ýurduň infrastrukturasyna, hususy pudagynyň ösdürilmegine we beýleki pudaklara 110 million ýewro barabar maýa goýdy.
XS
SM
MD
LG