Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda metbugatyň işine bagyşlanan maslahat başlandy


Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy boýunça 11-nji fewralda iki günlük tegelek stol maslahatynyň başlanandygyny habar berdi.

Bu barada çap edilen metbugat beýanatynda, tegelek stol maslahatynyň Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutynyň hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowamdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG