Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanly hukuk goraýjylar ýörite kursy tamamlady


ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýaýradan metbugat beýanatynda, Türkmenistanyň hukuk goraýjy we howpsuzlyk edaralarynyň wekilleriniň "Adatdan daşary ýagdaýlara gözegçilik etmek" atly iki hepdelik kursy tamamlandyklary aýdylýar.

Bu kursa Türkmenistanyň Içeri içler ministrliginiň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 20-den gowrak wekilleriniň gatnaşandygy habar berilýär.

Bu çäre ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Diplomatik howpsuzlyk gullugynyň hyzmatdaşlyk we taýýarlyk baradaky programmasynyň çäklerinde geçirildi.
XS
SM
MD
LG