Sepleriň elýeterliligi

Şahsyýet kultunyň döreýşi ýa-da sosial mentalitet


Aida Alymbaýewa: "S.Nyýazowyň döwründe täze bir ýaş nesil ösüp kemala geldi. Nyýazowyň halkyň aň-düşünjesine siňdiren totalitar medeniýeti entegem dowam edip gelýär".

Aida Alymbaýewa: "S.Nyýazowyň döwründe täze bir ýaş nesil ösüp kemala geldi. Nyýazowyň halkyň aň-düşünjesine siňdiren totalitar medeniýeti entegem dowam edip gelýär".

Mundan üç ýyl öň Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident hökmünde syýasy sahnada peýda bolmagy köpçülik tarapyndan erkinlige tarap umyt bilen garşylanypdy. Emma ýönekeý halk üç ýyldan bäri bir şahsyýet kultunyň öz-özünden ikinji şahsyýet kultuna geçendiginiň şaýady bolup gelýär.

Eýse, Türkmenistanda näme üçin şahsyýet kulty saklanyp galdy, bu barada regionyň ekspertleri nähili pikirde?

Bişkekdäki Amerikan uniwersitetiniň Sosial barlaglar merkeziniň direktory Aida Alymbaýewanyň sözlerine görä, ilkibaşda prezidentiň eden işleri täzelik ýaly görnüpdir, emma Nyýazowyň diktaturasyndan soň edilen her bir işiň, demokratiýa tarap ädilen ädim ýaly duýuljakdygy tebigy zat.

“Sebabi S.Nyýazowyň döwründe täze bir ýaş nesil ösüp kemala geldi. Nyýazowyň halkyň aň-düşünjesine siňdiren totalitar medeniýeti entegem dowam edip gelýär. Elbetde, ony ilatyň käbir gatlagy, meselem, adam hukuklarynyň goraýjylary hem-de žurnalistler kabul edip bilmeýärler. Emma ilatyň agramly bölegi üçin bu medeniýet kadaly hasaplanylýar” diýip, Alymbaýewa öz pikirini mälim edýär.

Aida Alimbaýewa Türkmenistanda bu ýagdaýy açyk tankyt eder ýaly garaşsyz metbugatyň, adam hukuklaryny goraýjy garaşsyz guramalaryň, jemgyýetleriň bolmazlygy ýurduň demokratik ösüş ýoluna düşmegine päsgel berýär diýen pikirde.


Halkyň mentaliteti

Özbegistanly jemgyýeti öwreniji Kamron Alyýew Türkmenistanda şahsyýet kultunyň saklanyp galmagyny halkyň mentaliteti bilen baglanyşdyrýar: “Bu, elbetde, halkyň mentaliteti hem-de döwlet baştutanynyň dünýägaraýşy bilen bagly mesele. Uzak ýyllaryň dowamynda
Ýokardan käbir adamlara zorluk, basyş edilýän bolsa, bu diňe ýurtda tertip-düzgüni saklamak üçin edilýän iş diýýärdiler.
Merkezi Aziýa jemgyýetlerinde döwlet baştutanyny tankyt etmeli dal, patyşalyk olara Alla tarapyndan berlen, biz olaryň öňündäki wezipelerimizi ýerine ýetirmeli, ýokardan käbir adamlara zorluk, basyş edilýän bolsa, bu diňe ýurtda tertip-düzgüni saklamak üçin edilýän iş diýýärdiler”.

Alyýewiň aýtmagyna görä, ýurduň başyna gelen prezident hem öz aýdan gepiniň ses-üýnsüz berjaý edilmegini talap edip, eger-de ýurtda demokratiýa, söz azatlygy bolsa, onda ýurdy dolandyrmak kyn bolar diýen prinsipden ugur alýar. “Şu sebäplere görä, Türkmenistanda häzirem şahsyýet kulty saklanyp gelýär”.

Medeniýet we endik

Käbir synçylar Türkmenistandaky bu ýagdaýy halkyň medeniýeti hem-de ýurduň ozaldan gelýän dolandyrylyş usuly bilen baglanyşdyrýarlar.

Gyrgyzystanly syýasaty öwreniji Togtagul Kakçekeýew türkmen halkynyň örän konserwatiw halkdygyny, Nyýazowyň döwründen başlanan bu endigiň entek dowam etjekdigini öňe sürýär. Onuň pikirine görä, Türkmenistanda şahsyýet kultuna sygynmagy ýatyrmak üçin wagt gerek we halkyň özünde muňa isleg bolmaly.

Analitikler ýurtda şahsyýet kultuna sygynmak ýagdaýynyň gysga möhletde peýda bolýandygyny, ýöne soňra gaty uzak dowam edýändigini aýdýarlar. Muňa mysal hökmünde Staliniň döwründe başlanan şahsyýet kultunyň 50 ýyl dowam edendigini ýatladýarlar.

Özbegistanly garaşsyz žurnalist Abdurahman Taşanowyň pikirine görä, Türkmenistanyň ýapyk döwletdigi, demokratik jemgyýetlerden uzakdalygy, syýasy integrasiýadan çetde galmagy ýurtda şahsyýet kultunyň saklanmagynyň esasy sebäbidir.

Synçylar ýurduň liderlerinde hakyky demokratik ösüş ýoluna düşmäge isleg döräp, söz azatlygyna rugsat berilse, şahsyýet kultunyň uzak saklanyp galmajakdygyny aýdýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG