Sepleriň elýeterliligi

12-nji fewralda paýtagt Aşgabada gar ýagdy. Özem ne ýagmak! Ýerler durşuna gar bilen örtüldi.

Şu ýylyň gyşy gaty ýumşak geldi. Käýarym gar gatyşykly ýagşyň ýaganlygyna garamazdan, bu günki ýaly ýagan gary paýtagtyň ýaşaýjylary eýýäm iki ýyl bäri görmändiler. Gar uzakly gün ýagdy. Tebigatyň bu eçilen sowgady ýaşaýjylaryň köpüsiniň kalbyny heýjana getirdi. Howanyň temperaturasy daşarda minus alta çenli düşenligine garamazdan, çagalaryň köpüsi säher turup, gar oýnadylar.

Adatdaky ýagýan gardan bu günki ýagan garyň mukdarynyň gaty köp bolmagy awtosürüjileri aljyratdy. Şäher häkimliginiň ýol arassalaýjylary tebigatyň duýdansyz sowgadyna başda eýgerjek ýaly etseler-de, ýagdaýy soňuna çenli alyp çykyp bilmediler. Säher bilen paýtagtyň esasy gatnawly köçelerine tehniki duz sepildi. Gar ýygnaýjy maşynlar bolsa, dynuwsyz işledildi. Emma öýländen soň köçeler edil aýna ýaly boldy. Ýollarda bolsa awtoulaglaryň yzy üzülmeýän kolonnasy emele geldi.

Garyň ýagmagy jemgyýetçilik awtotransportynyň işine-de öz täsirini ýetirdi. Şu gün jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawy juda selçeňledi. Adamlar, awtobus duralgalarynda öňkülerine görä köpräk garaşmaly boldular. Öýländen soň bolsa, paýtagtlylaryň köpüsi hatda taksi tutup hem bilmän, ýolda esli wagt durdular. Hususy awtoulagynda kireý edýänler bolsa ýol nyrhyny 4-6 esse galdyrdylar. Öň üç manada barylýan ýerlere taksiler 7 manat soradylar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG