Sepleriň elýeterliligi

Nowaýynyň bozulan gabyry


Alyşir Nowaýynyň mazary Owganystanyň Hyrat şäherinde ýerleşýär.

Alyşir Nowaýynyň mazary Owganystanyň Hyrat şäherinde ýerleşýär.

9-njy fewralda türki dilli medeniýetiň janköýerleri hem-de Gündogar poeziýasynyň muşdaklary beýik şahyr hem akyldar Alyşir Nowaýynyň doglan gününi bellediler.

Bu ýyl Nowaýynyň doglan gününiň tegelek senesi däl. Nowaýynyň dünýä inenine häzir 559 ýyl boldy. Bu güni bellemegiň başga zeruryýeti döredi.

Alyşir Nowaýynyň gazallarynyň birinde şeýle setirler bar:

Bozuk gabrymy gören okçy dükanyna ogşadar,
Fyragyň okundan andak görüp, peýkany per her ýan.


Şahyryň örän duýgurlyk bilen aýdyşy ýaly, onuň bozulan mazary häzir okçynyň dükanyndan has weýran görünýär. Ol mazar Owganystanyň Hyrat şäherinde ýerleşýär. Nyzametdin Mir Alyşir 1441-nji ýylyň 9-njy fewralynda Timurlar döwletiniň şol wagtky paýtagty Hyratda dünýä
Mir Aly Şir bolsaň, gadryň kim biler?
Şeýdaýy.
inipdi. 1501-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda hem şol ýerde aradan çykdy.

Şahyryň mazarynyň üstünde ýönekeýje makbara – mazar üsti penagäh bardy. 7-8 ýyllykda ol ýadygärligi aýryp, haşamly makbara diklemegi makul bildiler. Netijede, öňki ýadygärligi aýyrdylar, täzesini bolsa goýup bilmediler. Şeýlelikde, şahyryň mazsary göz-gülban bolup galdy. Şahyryň doglan gününiň tegelek senesi – 560 ýyllygyna çenli bu işe jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek üçin, Nowaýyny söýüjiler onuň doglan gününi bellediler.

Alyşir Nowaýy 15 ýaşynda özüniň şahyrdygyny ykrar etdirip bilipdir. Ondan örän baý hem gymmatly edebi miras galdy. Ol 30 çemesi dürli goşgular kitabynyň awtorydyr. Aýratynam Nowaýynyň “Hamsa” eseri dünýä meşhurdyr. Belli türkmen alymy Rahmanaly Rejep ol “Hamsadan” 1-nji kitaby, “Perhat we Şirin” poemasyny türkmen diline terjime edipdi hem ol aýratyn kitap bolup çykypdy.

Alyşir Nowaýy özmek edebiýatynyň düýbüni tutujy hasaplansa-da, ol türkmen edebiýatyna hem medeniýetine ägirt uly täsir edipdi. Biziň saz sungatymyzda Nowaýy diýen sazlar hem aýdymlar bar. Dutarda Nowaýy perdesi bar. Göýä gyjagyň 3-nji kirişini hem Nowaýy dakanmyş diýen gürrüň bar. Halk döredijiliginde “Myraly we Soltansöýün” rowaýatlar toplumy hem şol mazmundaky dessan bar.

Nowaýynyň döredijiligini türkmen alymlary Halmuhammet Şamuhammedow, Mäti Kösäýew, Seýit Garryýew ýaly belli alymlar öwrendiler. Käbe Borjakowa bolsa ýörite ylmy iş ýazyp, alymlyk derejesini aldy. Soňky döwürde şu temany biz bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýan žurnalist hem edebiýatçy Döwletmyrat Ýazgulyýew işledi.

Peýdalanylan çeşmeler:
Türkmen sowet ensiklopediýasy.
Türkmen edebiýatynyň taryhy. 1 tom.
K. Gurbannepesow. Dostluk çemeni. Terjimeler kitaby. A. 1986.
"Edebiýat we sungat" gazeti
XS
SM
MD
LG