Sepleriň elýeterliligi

Klinton Eýrany ýadro syýasatyna gaýtadan seretmäge çagyrdy


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Eýrany ýadro boýunça syýasatyna gaýtadan seretmäge çagyrdy hem ony “howply” atlandyrdy.

“ABŞ we yslam dünýäsi” at bilen Katarda geçirilýän forumda çykyş eden Klintonyň sözlerine görä, eýran häkimiýetleriniň häzirki ädimleri, hususan-da, urany baýlaşdyrmaga täzeden başlamagy halkara jemgyýetçiliginde Tähranyň garşysyna sansiýa girizmekden başga mümkinçilik goýmaýar.

Klinton Katardan Saud Arabystanyna ugrar. Pars aýlagy ýurtlaryna onuň edýän saparynyň baş maksady yslam dünýäsinden Eýrana garşy sanksiýalara goldaw almak.

Şol bir wagtda-da ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden NBC telekanalyna beren interwýusynda BMG-nyň Howpsuzlyk sowetiniň täze sanksiýalar toplumyny kabul etmegine Hytaýyň garşy bolmajakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG