Sepleriň elýeterliligi

Netanýahu iki günlük sapar bilen Moskwa gelýär


Ysraýylyň premer-ministri Benýamin Netanýahu iki günlük sapar bilen Moskwa gelýär.

Ol Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew premýer-ministr Wladimir Putin bilen gepleşikler geçirer. Onuň beýleki ors ýolbaşçylary bilen duşuşyklary planlaşdyryldy.

Agentlikleriň berýän habaryna görä, gepleşikleriň baş temasy ýadro programmasy bilen bagly Eýrana garşy täze halkara sanksiýalary girizmek mümkinçiligi bolar.

Moskwa gepleşiklerinde garaşylýan temalaryň arasynda Ýakyn Gündogar problemasyny parahatçylykly kadalaşdyrmak hem Orsýet bilen Ysraýylyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýaly meseleler bar.
XS
SM
MD
LG