Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky operasiýada parahat ilatdan 12 adam heläk boldy


NATO-nyň Owganystandaky komandowaniýesi ýurduň günortasynda talyplara garşy alnyp barylýan operasiýanyň gidişinde parahat ilatdan 12 adamyň heläk bolandygyny tassyklady.

NATO güýçleriniň atan iki raketasynyň ýaşaýyş jaýa düşmegi netijesinde adamlaryň ölendigi habar berilýär.

Koalision güýçleriň komanduýuşisi general Stenli MakKristal bolan waka üçin Owganystanyň prezidenti Hamyt Kerzeýden ötünç sorady.

Marja şäherinde we Nad Ali etrabynda talyplara garşy iki gün bäri dowam edýän hüjüme 15 müň töweregi amerikan, britan we owgan harbylary gatnaşýar.

Operasiýanyň üstünkli barýandygyny komandowaniýe belleýär.

Talyplardan 20 gowrak adamyň öldürilendigi, koalision güýçlerden ýitginiň 2 adamdygy, ýaralananlaryň bardygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG