Sepleriň elýeterliligi

Ak bugdaý etrabynda täze elektrik stansiýasy açyldy


Düýn Ak bugdaý etrabynda täze “Ahal” atly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarysy boldy.

Ýylda 254 MWt elektrik energiýasyny öndürmeli stansiýany Türkiýäniň “Lotus Energy “ kompaniýasy gurdy.

Stansiýada häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylypdyr. Olaryň arasynda amerikantyň “General Elektric” kompaniýasyň iki sany gaz turbin enjamlary bar.

Stansiýa diňe bir Aşgabat şäherini däl, tutuş Ahal welaýatyny elektrik energiýasy bilen üpjün eder.

Häzir Türkmenistan Türkiýä, Eýrana, Owganysytana, Täjigistana elektrik toguny berýär diýip, Türkmenistanyň döwlet mediasy aýdýar.
XS
SM
MD
LG