Sepleriň elýeterliligi

Wankuwerde gyşky olimpiýa oýunlary dowam edýär


Wankuwerde dowam edýän gyşky olimpiýa oýunlarynda 10 kilometrlik biatlon ýaryşynda Fransiýanyň ýygyndy komandasy ikinji altyn medaly aldy. Ýeňşi Wensan Je gazandy. Ikinji orunda norwegiýaly Emil Hegle Swendsen, üçünji orunda horwatiýaly Ýakow Fak.

3 müň metr aralyga konkide tapmak boýunça ýaryşda çehiýaly Martina Sablikowa altyn medal aldy. Kümüş medala germaniýaly, bürünç medala kanadaly sportsmenler mynasyp boldy.

Ýaryşyň üçünji güni figuralaýyn iki bolup typmak boýunça ýaryşlar başlanar. Aýallaryň arasynda hokkeý oýny ABŞ - Hytaý, Finlýandiýa-Orsyet komandalarynyň arasynda geçiriler.
XS
SM
MD
LG