Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanyň öňki prezidentiniň ogly huşsuz ýatyr


Gürjüstanda tussag astyndaky Gürjüstanyň öňki prezidenti Zwiad Gamsahurdiýanyň ogly Sotne Gamsahurdiýa huşsuz ýatyr diýip, onuň aklawçysy tassyklaýar.

Keti Bakauri Gamsahurdiýanyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny türme keselhanasyndaky çeşmelerden eşidendigini žurnalistlere aýtdy. Onuň ýanyna özüni goýbermeýändiklerini nygtady.

Gamsahurdiýanyň garşysyna iki jenaýat işi gozgaldy. Olaryň biri Orsyetiň peýdasyna içalyçylyk etmek. Birnäçe hepde mundan öň Güjüstanyň öňki prezidentiniň ogly açlyk yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG