Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda iki milisiýa işgäri öldürildi


Dagystanda oka tutuşlykda iki milisiýa işgäri öldürildi.

Respublikanyň kanun goraýjy organlarynyň beren maglumaityna görä, öten agşam Hasawýurt etrabynda, Nowyýe Gadari obasynyň golaýynda milisionerleriň münüp gelýän maşynyny näbelli adamlar oka tutdy.

Hüjüm edenler gizlenipdir. Olar gözlenýär.

Bazar güni Gyzylýurt şäherinde bolan partlamada yslamda ekstremistik akymyň ideology, gözlegde bolan Bagautdin Magomedowyň garyndaşy heläk boldy.

Magomedowyň ýegeniniň öz maşynynda alyp gelýän bombasy tötänlikde partlandyr diýlip, çak edilýär.
XS
SM
MD
LG