Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaza sektorynda britan žurnalisti tussag edildi


Gaza sektorynda britan žurnalisti tussag edildi. Hamas toparynyň howpsuzlyk güýçleriniň wekili saklananyň ştatdan daşary habarçy Pol Martindigini, oňa “ palestin kanunlaryny bozup, milli howpsuzlyga zeper etirmekde “ günä bildirilendigini habar berdi.

Daşary ýurt habar serişdeleriniň Ýerusalimdäki bileleşigi şeýle at bilen korrespondentiň regionda işleýändigini tassyklady.

Onuň gol goýan makalalary “Mirror”, “The Times” gazetlerinde we BBC saýtynda peýda bolupdy.
XS
SM
MD
LG