Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen žurnalistleriniň arzuwy


Söz we metbugat azatlygy ýurduň içindäki türkmen žurnalistleri üçin ýetip bolmajak arzuw.

Häkimiýetlerden birugsat gazetdir žurnallarda, radiodyr telewideniýede resmi pikirlerden özge pikirleri öňe sürýän ýa-da tankydy bellikleri özünde jemleýän ýekeje makalany ýa-da ýekeje gepleşigi taýýarlamaga milt edip bilmeýän türkmen žurnalistleriniň Saparmyrat Nyýazowyň döwründen bäri düşen agyr halyna bir tarapdan ýüregiň agyrsa, beýleki bir tarapdan bolsa olaryň bu agyr günlerden çykmaga synanyşyp hem görmeýändikleri böwrüňi diňletmänem duranok.

Elbetde, žurnalistlere uly basyş görkezilýän wagty, olaryň her bir aýtjak, diýjek ýa-da ýazjak zady berk gözegçilik astyna alnan wagty ýerli habar serişdelerinde işleýän žurnalistlerden haýsy-da bolsa bir gahrymançylykly hereketleri tama etmek hem bolanok. Sebäbi olar özleriniň üýtgeşik eden her bir hereketi üçin ýa-da, aýdaly, ýazan sözi üçin häkimiýetler tarapyndan berk ýanalýarlar we daralýarlar.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, häzirki wagtda paýtagtyň özünde we welaýat merkezlerinde dürli bahanalar bilen işinden boşadylan erkin pikirli, onlarça ýyl iş stažy bolan zehinli döredijilik işgerleriň sany 30-dan geçipdir. Ähli köpçülikleýin habar serişdeleriniň döwlete degişlidigini nazara alsaň, bu san Türkmenistan üçin bu gaty köp bolup görner.

Häkimiýetler ýörite gulluklaryň maglumatlaryna daýanyp, garaşsyzlyk ýyllary içinde döredijilik işgärleriniň arasynda özboluşly «seleksiýa işini» geçirdiler. Ol bolsa dilsizleri, talanty bolmadyklary, žurnalistika boýunça öwrenjeleri orta çykardy. Başgaça aýdylanda, häkimiýetler erkin pikirli adamlardan dynyp, redaksiýalarda hereket edýän düzgünler bilen doly ylalaşýan, bir aýdylan zady iki gaýtalatmaýan, hatardan çykman, deň aýak goşup ýöräp bilýän işgärleri galdyrdylar.

Netijede, ähli çap edilýän makalalar, efire berilýän teleradiogepleşikler, inkubatordan ýaňyja çykan jüýjeler ýaly, bir meňzeş bolup, olar okyjylaryň we tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekip bilenok.

Häzirki döwür türkmen žurnalistikasynyň näderejede dişsiz we dilsizdigine geçen ýylyň güýzünde Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdymuhamedow bilen geçirilen metbugat konferensiýasy doly şaýatlyk etdi. Şol konferensiýa öňden ýazylan senariý boýunça geçdi. Oňa gatnaşdyrylan habar serişdeleriniň wekilleri diňe özlerine öňünden paýlanyp berlen soraglary prezidente berip bildirler.

“Erkin bolmadyk döwletde erkin bolmadyk žurnalistler prezidente öňünden kesgitlenen soraglary berip oňmaly boldular» - diýip, merkezi gazetleriň birinde işleýän žurnalist aýtdy.

Metbugat azatlygyny bogujylaryň sanawy

Olaryň birinjisi «lit» atlandyrylýan metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar serişdelerinde döwlet syryny goraýan Türkmenistanyň döwlet komiteti. Oňa indi 21 ýyldan gowrak wagt, ýagny 1988-nji ýyldan bäri Kakabaý Ataýew ýolbaşçylyk edýär.
Her bir çapa ýa-da efire taýýarlanan material hökmany suratda “litiň” işgerleri tarapyndan ünsli okalmaly. Öň okalmadyk, “lit» diýlen edaranyň rugsadyny almadyk makala çapa berilmeýär, efirde-de ýaňlanmaýar. Diňe uly göwrümli makalalar däl, eýsem iki setirlik habar hem senzuradan geçirilýär. «Lit» diýilýan edaranyň işgärlerine makalalardan diňe döwlet syryna degişli sanlary we maglumatlary däl, eýsem awtoryň resmi propaganda laýyk gelmeýän dürli pikirlerini, tekliplerini, garaýyşlaryny, tankydy äheňde ýazylan sözleri, sözlemleri abzasma-abzas aýyrmaga ygtyýar berlen.

Olar iş orunlaryny ýitirmejek bolup, käte çapa taýýarlanan materiýallary ýa-ha tanamaz ýaly edip gysgaldýarlar ýa-da ol materiýaly yzyna gaýtarýarlar. Şeýle halatda türkmen metbugatynda, radiodyr telegepleşiklerinde özge garaýyşly, tankydy äheňde taýýarlanan materiýalyň çap edilmegi, efire berilmegi asla mümkin däl.

Metbugat azatlygynyň ýolunda ikinji böwet gazetleriň, žurnallaryň, teleradiokanallaryň başlyklary. Türkmenistanda hemme köpçülikleýin habar serişdeleri hökumete degişli bolansoň, olaryň başlyklary we orunbasarlary hut prezidentiň permany bilen wezipä bellenýär.
Şeýle ýagdaýda işlemege mejbur bolan redaktorlar sähelçe güman döredýän makalany çapa bermezden öň ony ugurdaş ministrlige ýa-da pudak edarasyna ýollaýar we onuň mazmuny bilen tanyş bolanlaryndan soň makalanyň ýuzune rugsat beriji wizany goýmaklaryny haýyş edýerler. Taýýar bolan makalany çapa bermezden öň degişli ministrlige ibermek, ony okatmak we oňa wiza goýdurmak «Türkmenistan», «Neýtralnyý Turkmenistan» ýaly hepde-de alty gezek çykýan merkezi gazetleriň redaksiýalarynda, Türkmendöwlethabarlary döwlet agentliginiň her günki işinde adaty bir zada öwrüldi.

Metbugat azatlygynyň üçünji ýagysy türkmen žurnalistleriniň öz –özlerine senzor bolmagydyr. Içki senzor her bir türkmen žurnalistiniň içinde otyr. Gazetiň işgeri haýsydyr bir makalany ýazmaga başlamazdan ozal şol makaladaky gozgaljak temany özüçe seljermeli bolýar. «Bu makala redaktordan we «litdan» geçermi ýa-da geçmez?» diýlen soragy özüne bermeli.

Şeýle ýagdaýda türkmen žurnalistlerine işlemek aňsat düşmeýär. Paýtagtda neşir edilýän gazetleriň birinde işleýän galamdaşymyz o içki duýgularyny şeýle beýan etdi: «Käte - käte men öz şahsyýetimiň iki bolýanyny duýýaryn. Sebäbi hakyky durmuşda görýänimiz bir zat, gazetde ýazýanymyz bolsa düýbünden başga zat. Başga işe geçeýin diýsem Türkmenistanda hususy eýeçilikdäki gazet we žurnal kän däl. Ýazuw-çyzuwdan başga-da elimizden gelýän kär ýok. Ana, onsoň dişiňi gaýym gysyp, bar bolan düzgünlere boýun egip gezmeli bolýarsyň».

Şatlyk Öwezow daşoguzly synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG