Sepleriň elýeterliligi

Belarus häkimiýetleri polýak aktiwistlerinden birnäçesini tussag etdiler


Şu gün Belarusyň häkimiýetleri bu ýurtdaky polýak aktiwistlerinden birnäçesini tussag etdiler.

Polşanyň Belarusdaky ilçihanasy şu gün bu ýurtda gadagan edilen polýaklaryň Bileleşiginiň lideri Anžela Boris bilen birlikde ýene azyndan 13 sany aktiwistiň tussag astyna alnandygyny habar berdi.

Maglumata görä, bu tussag edişlikler Belarusyň Grodno, Woložin hem-de Iwanes şäherlerinde amala aşyrylypdyr.

Käbir synçylar Belarusyň häkimiýetleriniň bu çäresine şu gün polýak Bileleşiginiň regional aktiwisti Tereza Sobolyň işi boýunça sud diňlenişiginiň başlanýandygy bilen baglanyşykly gören ätiýaçlyk çäresi hökmünde baha berýärler.

Geçen hepde Belarusdaky polýak Bileleşiginiň ýerli edarasynyň ýapylmagynyň yzy bilen, Belarus bilen Polşanyň gatnaşyklarynda käbir dartgynlylyk emele geldi.
XS
SM
MD
LG