Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Preddnestrowiýda Orsýetiň raketalardan goranyş sistemasy ýerleşdirilip bilner


Şu gün Moldowanyň separatistik regiony bolan Preddnestrowiýa regionynyň lideri Igor Smirnow Orsýetiň öz raketalardan goranyş sistemasyny bu regionyň territoriýasynda ýerleşdirip biljekdigini aýdyp, çykyş etdi.

Öz çykyşynda Igor Smirnow bu barada özüniň Orsýete hiç hili haýyş bilen ýüz tutmandygyny, ýöne Orsýetiň muňa isleg bildiren halatynda özüniň muňa garşy bolmajakdygyny aýtdy.

Preddnestrowiýanyň lideri şeýle çäräniň Birleşen Ştatlaryň Gündogar Ýewropada reketalara garşy gorag sistemasyny ýerleşdirmek baradaky planlaryna jogap boljakdygyny öňe sürdi.

Ýakynda Moldowa bilen serhetleşýän Rumyniýa öz territoriýasynda Birleşen Ştatlaryň howa gorag sistemasyny ýerleşdirmegine rugsat beripdi.
XS
SM
MD
LG