Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Ýanukowiçi Moskwa resmi sapara çagyrdy


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Ukrainanyň täze saýlanan prezidenti Wiktor Ýanukowiçi Moskwa resmi sapara çagyrdy.

Şu gün Orsýetiň prezident administrasiýasynyň metbugat gullugy bu barada ýörite resmi beýanat ýaýratdy.

Düýn, ýekşenbe güni Ukrainanyň Merkezi saýlaw komissiýasy ýakynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Wiktor Ýanukowiçiň öz garşydaşy Ýuliýa Timoşenkodan üstün çykandygyny resmi ýagdaýda tassyklady.

Öz gezeginde Ýuliýa Timoşenko saýlawlarda galplyklara ýol berlendigini öňe sürüp, bu mesele boýunça suda ýüz tutjakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG