Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Wankuwer şäherinde geçýän gyşky olimpiýa oýunlary dowam edýär


Öten agşam Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçýän gyşky olimpiýa oýunlarynda erkekleriň arasynda sankada çalt tizlikde typmak boýunça bäsleşikde germaniýaly Feliks Loh altyn medala eýe boldy.

Mundan daşary, düýn erkekleriň arasynda lyžada typmaklygyň mogul görnüşi boýunça geçirilen bäsleşikde ýerli kanadaly sportsmen Aleksandr Bilodau altyn medala mynasyp boldy.

Şeýle hem, öten agşam konkide çalt tizlikde 3 müň metr aralyga typmak boýunça aýallaryň arasynda geçirilen ýaryşda Çehiýa respublikasyndan Martina Sablikowa birinji ýeri aldy.
XS
SM
MD
LG