Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Tatarystanyň diplomatik bölümi açyldy


«Turkmenistan.Ru» internet gazeti Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Orsýetiň Tatarystan respublikasynyň diplomatik bölüminiň açylandygyny habar berýär.

Maglumata görä, bu diplomatik bölüminiň ýolbaşçylyk wezipesine Tatarystanyň prezidentiniň permany bilen Kamil Galiýew bellenipdir.

Aşgabatda Tatarystan respublikasynyň bu täze diplomatik bölüminiň açylmagy bilen baglanyşykly türkmen prezidentine ýazan hatynda Tatarystanyň prezidenti Mintimer Şaýmiýew soňky ýyllar Tatarystan respublikasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlyklarynyň has oňyn häsiýete eýe bolandygyny belläpdir – diýip, «TurkmenistanRu» internet gazeti habar berýär.
XS
SM
MD
LG