Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Eýran babatda halkara goldaw isleýär


14-nji fewralda, Katarda “Birleşen Ştatlar – Yslam Älemi” forumynda eden çykyşynda Klinton Eýrany öz “howply” karary barada täzeden oýlanmaklyga çagyrdy.

14-nji fewralda, Katarda “Birleşen Ştatlar – Yslam Älemi” forumynda eden çykyşynda Klinton Eýrany öz “howply” karary barada täzeden oýlanmaklyga çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Riýadda Saud Arabystanynyň ýolbaşçylary bilen duşuşýar. Sebäbi Hytaýyň Eýranyň ýadro arzuw-hyýallary babatynda berk pozisiýany eýelemegini gazanmak üçin Saud Arabystanynyň goldawy gerek.

Ýadro programmasy sebäpli Eýranyň garşysyna Birleşen Milletler Guramasynyň sanksiýalarynyň dördünji tapgyryny ýola goýmak üçin Waşington halkara derejesinde goldaw isleýär.

14-nji fewralda, Katarda “Birleşen Ştatlar – Yslam Älemi” forumynda eden çykyşynda Klinton Eýrany öz “howply” karary barada täzeden oýlanmaklyga çagyrdy.

“Eýranyň gizläre näme zady bar? Eýran näme üçin öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýar? Bu onuň halkara arkalaşygy bilen syýsy hem ykdysady taýdan integrirlenmgine getirip, onuň öz halkyna peýdaly bolar. Eýran edýän prowokasion hereketleri üçin halkara arkalaşygyna ýokary baha tölemeli bolýar. Ol halkara arkalaşygyna mundan başga ýol goýanok. Biziň hemmämiz Eýrany howply kararlaryny täzeden gözden geçirmäge çagyrýarys” diýip, Klinton aýtdy.

Birleşen Ştatlar bilen onuň ýaranlary Eýran atom ýaragyny öndürmäge synanyşýar diýip güman edýärler. Tähran hem muny inkär edip, ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlar üçindigini gaýtalaýar.

Hytaý garşy

Birleşen Milletler Guramsynyň Hopwsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzasy Hytaý Tähranyň garşysyna häzirkisinden artyk sanksiýa girizilmegine garşy.

Aýdylyşyna görä, Pekin Eýranda goýan maýalaryna gelýän girdejiniň aşaklamagyndan gorkýar. Galyberse-de, ol Eýrandan günde 400 müň barrel nebit satyn alýar.

Ýöne Hytaý häzir aňsat ýagdaýda däl. Sebäbi ol Saud Arabystanynyň hem möhüm söwda ýarany bolup durýar. Onuň bu ýerden satyn alýan nebiti günde 1 million barrel.

Amerikan resmileri Eýranyň garşysyna sanksiýa girizilip, Hytaýyň alýan nebiti ýetmezçilik eden ýagdaýynda, Saud Arabystany bu ýetmezçiligiň üstüni doldurmagy kepillendirse, onda Pekin sanksiýalara garşy çykmaz diýip, pikir edýärler.

Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Joe Biden 14-nji fewralda telewideniýede eden çykyşynda Hytaýyň tutumyny üýtgedip, täze sanksyýalary goldajagyna özüniň ynanýandygyny bildirdi.

“Biz uly öňegidişlik gazandyk. Eýran öz içinde, öz halky tarapyndan geçen 20 ýyllykdakysyndan has köp çetleşdirildi. Olar regionda butinleý üzňelikde galdylar. Biz Orsýetden tutup, Ýewropa çenli hemmeleriň goldawyny gazandyk. Pekiniň hem goldawyny gazanjakdygymyza men berk ynanýaryn. Onsoň olara gidere ýer galmaz” diýip, Biden aýtdy.
XS
SM
MD
LG