Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýanukowiçiň inaugrasiýasy 25-nji fewralda bolar


Ukrainanyň täze prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň inaugrasiýasy 25-nji fewralda bolar. Bu barasynda Regionlar partiýasynyň başlygynyň orunbasary Anna German habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Ýanukowiç hökümet başlygy wezipesini prezident saýlawlarynda öňki kandidat, uly telekeçi hem bankir Sergeý Tigipko teklip etmekçi. Ol saýlawlarda üçünji orny eýeläpdi.

Ikinji tapgyr saýlawlarda Ýanukowiçden ýeňlen häzirki premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko ýeňlişini boýun almakdan ýüz öwürýär hem suduň üsti bilen saýlawlaryň netijelerine ýaňadan seredilmegini gazanmakçydygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG