Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gürjüstanly sportsmeniň ýas dabarasy geçirildi


Kanadanyň Wankuwer şäherinde Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyndan birnäçe sagat öň heläk bolan gürjüstanly sportsmen Nodar Kumaritaşwiliniň ýas dabarasy geçirildi.

Wankuwerdäki ýas dabarasynyň zalyna Gürjüstanyň olimpiýa ýygyndy komandasynyň agzalary hem oýny gurnaýjylaryň wekilleri ýygnandy.

Kumiratişwiliniň jesedi ýakyn sagatlarda Gürjüstana ugradylar hem öz ýurdunda jaýlanar.
XS
SM
MD
LG