Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ženewada Eýrandaky adam hukuklary maslahatlaşyldy


Günbatar döwletleriniň birnäçesiniň wekilleri duşenbe güni Ženewada Eýranda adam hukuklarynyň bozulmalary bilen bagly alada bildirip, bu ýagdaýyň geçen ýyl geçirilen prezident saýlawlaryndan soň has-da ýitileşendigini bellediler.

Düýn BMG-niň adam hukuklary boýunça Geňeşiniň maslahatynda-da Eýranyň adresine tankytlar ýagdyryldy, bu Geňeş 2006-njy ýylda döredilip, ol ilkinji gezek Eýranda adam hukuklary bilen ýagdaýa seretdi.

ABŞ–nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Maýkl Pozner şeýle diýdi: “Geçen ýylyň iýun aýyndan bäri millionlarça eýranly prezident saýlawlary kampaniýasy bilen bagly öz aladalaryny bildirmäge hem öz hukuklarynyň berjaý edilmegini gazanmaga çalyşýarlar. Eýran hökümeti demonstrasiýalary basyp ýatyryp, seýrek bolmadyk halatlarda güýç ulanmaga-da ýüz urdy. ABŞ ýakynda bolan zorluk aktlaryny we bigünä eýran graždanlaryna adalatsyz daralmagyny üzül-kesil ýazgarýar”.
XS
SM
MD
LG