Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary şäherinde täze iki binanyň açylyşy boldy


Duşenbe güni Mary şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze iki binanyň - Türkmenistanyň Döwlet enerketika institutynyň hem Taryh-ülkäni öwreniş muzeýiniň açylyş dabaralary boldy diýip, Türkmenistanyň döwlet mediasy habar berýär.

Türkmenistanyň döwlet energetika instituty 1997-nji ýylda Ýokary tehniki kollejiň bazasynda döredilipdi. Ol Energetika we senagat ministrliginiň pudaklaýyn okuw jaýy bolup, onda 950 student okaýar, şolaryň 31-si doganlyk Owganystandan.

Taryh we ülkäni öwreniş muzeýi Gowşut han köçesinde, Murgap derýasynyň kenarynda guruldy.

Häzir Türkmenistanda jemi 29 muzeý işleýär.

Günüň ikinji ýarymynda bolsa, Mary welaýatyna Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidenti Şeýh Halifa Ben Zaýed al-Nahaýanyň gelendigini, ony aeroportda G.Berdimuhamedowyň garşylandygyny, aeroportuň VIP-zalynda iki lideriň çaý başynda köp meseleler barasynda pikir alşandyklaryny Türkmen döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Ýokary derejeli myhmanyň welaýat merkezine gelmeginiň sebäbi barada Türkmenistanyň habar serişdeleri maglumat ýaýratmady.

BAE-niň WAM täzelikler agentliginiň informasiýasyna görä, Şeýh Halifa Ben Zaýed al-Nahaýan “şahsy sapar bilen Türkmenistana gelipdir, ol sapar birnäçe güne çeker” diýip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG