Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Timoşenko: "Ýanukowiç Ukrainanyň prezidenti bolmaz"


Ukrainanyň premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko 13-nji fewralda alty gün dowam eden dymyşlykdan soň, saýlawlar barada Ukrainanyň ýerli telewideniýesinde çykyş etdi.

Ol prezidentlik saýlawlarynyň 7-nji fewralda geçirilen ikinji tapgyrynda öz garşydaşy Wiktor Ýanukowiçiň galplyklara ýol berendigini sudda subut etjekdigini aýtdy: “Men Ukrainada bolan saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny bu gün anyk aýdyp bilerin. Meniň sözlerim syýasy beýanat däl-de, ýuristleriň bu meseläni öwrenip, çykaran netijeleri.”

Onuň aýtmagyna görä, bu saýlawlarda 1 milliona golaý ses ýa galplaşdyrylypdyr ýa-da nädogry sanalypdyr. Ýuliýa Tımoşenko Ýanukowiçi berk goldaýan Krym ýarymadasynda bolsa gaty köp bidüzgünçiliklere ýol berlendigini nygtady.

Bu saýlawlarda Wiktor Ýanukowiçe 880 müň köp ses almak başartdy. Halkara synçylary bu saýlawlary “demokratiýanyň täsin görkezijisi” diýip atlandyrdylar. Ýewropa Bileleşiginiň, Birleşen Ştatlaryň hem NATO-nyň liderleri Wiktor Ýanukowiçi saýlawlarda ýeňiş gazanmagy bilen gutladylar.

Muňa garamazdan, 13-nji fewralda eden çykyşynda Ýuliýa Timoşenko Ýanukowiçiň hiç haçan Ukrainanyň kanuny prezidenti bolmajakdygyny aýtdy. Şol bir wagtda-da Ukrainanyň premýer-ministri 2004-nji ýylda, “Mämişi rewolýusiýada” bolşy ýaly, öz tarapdarlaryny proteste çagyrmajakdygyny mälim etdi.

“Bu mesele bilen bagly suda ýüz tutmasak, Ukrainany hiç bir göreşsiz jenaýatçylaryň ellerine berdigimiz bolar. Men ýene bir maýdana çykmaga çagyryş etmeýärin, köpçülikleýin protestlere hem rugsat bermerin. Häzir Ukraina durnuklylyk hem asudalyk zerur. Şonuň üçin biz bu meseläni suda ýüzlenip, çözjek bolarys. Men Ýanukowiçiň prezident däldigini ýene bir gezek nygtasym gelýär. Geljekde näme bolsa-da, ol hiç haçan Ukrainanyň kanuny esasda saýlanan prezidenti bolmaz” diýip, Ýuliýa Timoşenko belledi.

Netije berermi?

Alty ýyl mundan ozal Ukrainada geçirilen prezidentlik saýlawlarynda hem Ýanukowiç özüniň ýeňiş gazanandygyny yglan edipdi. Emma şol saýlawlarda galplyklara ýol berlendigi ýüze çykansoň, olaryň netijeleri kabul edilmedi. “Mämişi rewolýusiýa” bolsa Ýuliýa Timoşenkonyň öňki ýarany Wiktor Ýuşenkony häkimiýet başyna getirdi.

YHHG beýleki halkara guramalar bilen bir hatarda saýlawlaryň “professional, aç-açan hem adalatly” geçendigini, resmi taýdan yglan etdiler.

Wiktor Ýanukowiçiň “Regionlar partiýasynyň” başlygynyň orunbasary Anna German Timoşenkonyň çykyşyna jogap berip, onuň bu hereketleriniň netije bermejekdigini aýtdy.

“Associated Press” habar gullugyna beren interwýusynda Anna German Timoşenkonyň bu hereketleri bilen Ýanukowiç bilen geçirilmeli gepleşiklerinde ýeňillik gazanmak isleýandigini aýdyp, Ýanukowiçiň partiýasynyň demokratiýa meselesi babatda söwdalaşmaýandygyny nygtady.

10-njy fewralda eden çykyşynda Wiktor Ýanukowiç Ýuliýa Timoşenkony wezipesinden çekilmäge çagyryp, Ukraina ýene bir krizisiň gerek däldigini aýtdy.

Düýn, 14-nji fewralda, Ukrainanyň Merkezi saýlaw kommissiýasy Ýanukowiçiň ýeňiş gazanandygyny resmi taýdan yglan etdi.
XS
SM
MD
LG