Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bilim reformasy henizem dowam edýärmi?


Türkmenistanda soňky döwürlerde gurlup başlanan binalardan ýene biri 15-nji fewralda ulanylmaga berildi. Bu mundan 13 ýyl ozal Mary welaýatynda gurlan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze binalar toplumydyr.

Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow ady agzalýan binalar toplumynyň korpusynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda şol institutyň käbir aýratynlyklary barada halk köpçüligine şeýle maglumat berdi: “Bu ýokary okuw mekdebiniň iki fakultetinde taýýarlyk ugurlarynyň dördüsi boýunça bir müňe golaý talyp okaýar. Olarda talyplar sekiz hünär boýunça döwrebap bilim alýarlar”.

Berdimuhamedow aýratynam ady agzalýan institutyň häzirki döwre çenli, ýagny geçen 13 ýylyň dowamynda ýokary bilimli hünärmenleriň 1784-sini taýýarlanlygyny hem sözüne goşdy. Emma 28 million dollar töweregi çykdajy edilip gurlanlygy aýdylan we ulanylmaga berlen şol täze binalar toplumyndan soňra bu institutyň talyplarynyň sanynyň artdyrylyp-artdyrylmajagy barada maglumat berilmedi.

Institutyň okuw programmasy öňküligine galdyrylýarmy ýa-da oňa özgerişler girizilýärmi diýen sorag hem bu çykyşyň dowamynda jogapsyz galdyryldy.

Ilki bilen bilime garaldy

Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçenden soň, ilki bilen bilim pudagynyň işine garapdy. Onuň bu ugurda kabul eden ilkinji kararlaryndan biri hem orta mekdepleriň okuw möhletini 9-dan 10 ýyla çykarmak barada bolupdy.

Bu ädime käbir günbatar synçylary gowy baha berip, onuň ýurtda täze döwrüň başlananlygyny aňladýanlygyny aýdypdylar.

Düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin hem bilim reformasy barada ilkibaşda käbir oňyn ädimleriň ädilenligini aýdyp, bize şeýle maglumat berdi: “Häkimiýetleriň bilim pudagynda reformalaryň zerurdygyny boýun almagy köp zady aňladýar. Diýmek, Nýyazowdan soň häkimiýet başyna geçen adamlar bilim pudagynyň çökenligine düşünýärler”.

Tuhbatulliniň aýtmagyna görä, Berdimuhamedowyň özüniň hem birnäçe gezek bilimli, sowatly, taýýarlykly hem ýolbaşçylyk ukybyna eýe bolan kadrlaryň ýetmezçilik edýänligini aýtmagy ýurtda bilim meselesiniň gaty ýiti durýan problemalardan biridigine göz ýetirýänligine şaýatlyk edýär.

Onuň aýtmagyna görä, bilim pudagyny ösdürmek üçin, elbetde, döwrebap okuw jaylarynyň gurulmagy zerur, emma şol döwrebap jaýlarda studentlere döwrebäp bilim bermäge hem bilimli kadrlar gerek. Ol bolsa Türkmenistanda häzirki döwürde ýetmezçilik edýär. Faridiň aýdyşy ýaly, Berdimuhamedowyň özi hem bu problema barada ençeme gezek gürrüň etdi. Emma bu problemany aradan aýyrmak üçin näme etmeli diýlen mesele hakda takyk gürrüň edilmeýär.

Kadrlar problemasynyň çözgüdi


Synçylaryň aýtmagyna görä, bu problemanyň bir çözgüdi daşary ýurtlar bilen bilim pudagy boýunça alyş-çalyş programmalaryny giňeltmekden ybaratdyr. Emma Türkmenistandan daşary ýurtlara bilim almaga gidýän studentleriň hem öňüni almaga synanyşylmagy bu pudak boýunça hökümetiň nähili reformalary geçirmekçidigi barada sorag döredýär.

Türkmenistanly aktiwist Farid Tuhbatullin hem bu meselä ünsi çekip, biziň bilen söhbetdeşliginde şeýle diýdi: “Şeýle ýetmezçilikleriň bardygyny boýun almaklaryna garamazdan, hökümetiň daşary ýurtlardaky ýokary okuw jaylary bilen hyzmatdaşlyk etmekden boýun gaçyrmagy täsin ýagdaýdyr. Mysal üçin, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistana birnäçe okuw programmalaryny teklip edenligini men anyk bilýärin. Olaryň hemmesi ret edildi ýa olara aşa düzediş girizilip, olaryň durky tutuşlygyna diýen ýaly üýtgedildi. Türkmen ýolbaşçylary ideologiýadan hem saplanyp bilmeýärler”.

Bilim pudagy boýunça reforma barada gürrüň edilende, elbetde, ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýän studentleriň sanyny hem ünsden düşürip bolmaz, sebäbi häzirki döwürde tutuş ýurt boýunça ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýän studentleriň sany diňe dört muň töweregidir.

Deňeşdirmek üçin aýdylanda, Türkiýänyň diňe Stambul Uniwersitetiniň studentleriniň sanynyň 80 müň töweregidigi aýdylýar. Elbetde, bu şäheriň ýaşaýjylarynyň sanynyň tutuş Türkmenistanyňkydan 4-5 esse köpdügini nazara alanyňda hem Türkmenistanyň ýokary okuw jaylaryna kabul edilýän studentleriň sanynyň aşa ujypsyzdygyny aýtmaga esas bar. Sebäbi tutuş ýurt boýunça her ýyl orta mekdebi gutarýan okuwçylaryň sanynyň 100500 töweregidigi resmi çeşmeler tarapyndan habar berilýär.

Parahorluk ýatanok

Şonuň bilen bir hatarda Türkmenistanda ýokary okuw jaylaryna girmekligiň o diýen aňsat däldigi barada hem halk arasynda giňden gürrüň edilýär.

Ýerli ýaşayjylardan biri bu barada şeýle diýdi: “Uniwersitetlerde, ýokary okuw jaýlarynda parahorluk ýatanok. Ine şu okuw ýylynda medinstituta 25 muň dollar bilen girip bilmän yzyna gaýdan okuwçylar bar”.

Bu ýagdaý ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýän studentleriň sanyny artdyrmak bilen bir hatarda bilim pudagyny parahorlukdan saplamak üçin berk çäreleri görülmegiň hem örän zerurdygyny görkezýär.

Türkmen aktiwisti Farid Tuhbatulliniň aýdyşy ýaly, ýolbaşçylaryň bilim pudagynda reformanyň gerekdigini boýun almagy gowy zat, emma bu ýalňyşlygy düzeltmek üçin aýgytly ädimleriň ädilmegi hem zerurdyr.
XS
SM
MD
LG